Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşyk netijeli röwüşde geçdi – RF-iň wise-premýeri Konstantin Çuýçenko

Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşyk örän netijeli röwüşde geçdi. Bu barada RF-iň Hökümetiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Konstantin Çuýçenko ORIENT habarlar agentligine beren interwýusynda belledi.

— Biz Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy jikme-jik maslahatlaşdyk. Biz energetikada, gaz ulgamynda, ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk meselelerini gürleşdik. Geljek ýylda ýurtlarymyzyň arasyndaky haryt dolanyşygynyň artmagyny üpjün etjek ileri tutulýan ugurlary kesgitledik – diýip K.Çuýçenko Gurbanguly Berdimuhamedow bilen geçirilen gepleşikleri teswirledi.

Habar berlişi ýaly, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary — RF-iň Hökümetiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Konstantin Çuýçenko sişenbe güni Türkmenistana iş sapary bilen geldi hem-de Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň nobatdaky mejlisine gatnaşdy.

— Gaz ulgamynda eýýäm hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygyny nazara almak bilen biz  2019-njy ýylda düýpli sanlary aljakdygymyza ynanýarys. Ýagny, 2018-nji ýyl bilen deňeşdirilende haryt dolanyşygynyň düýpli ýokarlanmagyny gazanarys – diýip K.Çuýçenko aýtdy.

— Biz şeýle hem döwlet Baştutany bilen ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdyk. Öz tarapymyzdan, biz Türkmenistanda rus diline aýratyn üns berilýändigine minnetdarlygymyzy bildirdik. Russiýa üçin bu örän möhümdir, çünki rus dili — milletara aragatnaşyk dili. Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde Türkmenistandan 28 müňden gowrak talyp bilim alýar. Biziň gatnaşyklarymyzyň berkidilmegi üçin bu hem ägirt uly mümkinçilik – diýip K.Çuýçenko aýtdy.

Türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary barada aýtmak bilen, K.Çuýçenko şeýle belledi: «Ilkinji nobatda, bu gaz ulgamynda hyzmatdaşlyk. Oba hojalyk ugry boýunça Türkmenistan Russiýadan ýokary hilli tohumlary satyn almaklyga gyzyklanma bildirýär. «Rosselmaş» kärhanasynda öndürilýän rus tehnikasy hem hil görkezijiler we bahasy boýunça Türkmenistan üçin gyzyklanma döredýär. «AwtoWaz» Türkmen bazaryna öz önümleri bilen girmek isleýär».

— Hazar deňzini ösdürmek meselesi iki tarap üçin hem örän möhümdir. Awgust aýynda Türkmenistanda Hazar ykdysady forumy geçiriler. Biz rus wekiliýetine wekillik ederis. Bu wekiliýet taslamalaryň toplumyny düzmek bilen meşgullanar.

RF-iň wekiliýetiniň Türkmenistana saparynyň 9-njy maýyň öňüsyrasynda bolandygyny nazara alyp, K.Çuýçenko şunuň bilen baglylykda şeýle belledi: «Ýeňiş güni hakykatdan hem beýik baýramçylyk. Bu biziň umumy baýramymyz. Öňki Sowet Soýuzynyň ähli halklary bu ýeňşi gazandylar, Beýik Ýeňşiň girewi bolan agyr hasratlary çekdiler. Şu ajaýyp baýramçylyk bilen Türkmenistanda ýaşaýar köpsanly weteranlaryň ählisini gutlamaga rugsat ediň».

— Biz Türkmenistanyň Prezidentini we ähli türkmen halkyny bu beýik baýram bilen tüýs ýürekden gutlaýarys we asuda, parahat asman arzuw edýäris – diýip K.Çuýçenko belledi.

 

Meňzeş täzelikler

2014