Özbegistanda Birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanan brifing gurnaldy

Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň maslahatlar zalynda 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenistanyň “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanan brifing gurnaldy. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Bu çärä Özbegistanyň Daşary işler ministrliginiň, Maýa goýum we daşary söwda ministrliginiň, Ykdysadyýet ministrliginiň, Ulag ministrliginiň, Strategiki we sebitara barlaglar institutynyň, Söwda-senagat edarasynyň hem-de Özbegistanyň KHBS-leriniň wekilleri gatnaşdylar.

Brifinge gatnaşyjylara Hazar deňzinde hyzmatdaşlyk boýunça geljegi uly taslamalaryň başyny başlap, 2014-nji ýylda Hazarýaka döwletleriň baştutanlarynyň  IV  Sammitinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hazar deňzinde ulag we söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk ugurlary boýunça iki sany täze ylalaşygy taýýarlamak, şeýle-de Hazar ykdysady forumy geçirmek başlangyjy bilen çykyş edendigi hakynda aýdyldy.

Ýatlap geçsek, geçiriljek forumda söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek, şol sanda dürli ulgamlarda iri maýa goýum taslamalaryny işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek boýunça şertleri döretmek ýaly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar.

Birinji Hazar ykdysady forumy hazarýaka döwletleriniň özara gatnaşyklarynyň iň täze taryhynda strategik ähmiýetli başlangyç çäreleriň biri bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, bu gatnaşyklar 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň Aktauda geçirilen V sammitinde kabul edilen Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýa bilen şertlenendir.

Hazar ykdysady forumyny gurnamak we geçirmek boýunça Utgaşdyryjy merkezde şeýle hem halkara maslahatyny we Innowasion tehnologiýalarynyň Hazar sergisini geçirmegiň meýilnamasy işlenip düzülýär.

 

Meňzeş täzelikler

2014