Türkmenistanyň Prezidenti ýangyç-energetika toplumynyň mümkinçiliklerini ösdürmek boýunça anyk tabşyryklary berdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň sanly wideoaragatnaşyk geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň 2019-njy ýylyň dört aýy boýunça işiniň netijeleri maslahatlaşyldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň degişli döwürde ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Hususan-da, habar berlişi ýaly, tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň dört aýlyk meýilnamasy 103,9 göterim, nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 105,1 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasy 110,5 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 105,3 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 122,3 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 100 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy 112,6 göterim ýerine ýetirildi.

Döwlet Baştutany M.Meredowa nebitiň çykarylyşyny artdyrmak üçin halkara tejribede bar bolan oýlap tapyşlary, öňdebaryjy tehnologiýalary we usullary önümçilige giňden ornaşdyrmagy tabşyrdy.

Milli Lider wise-premýere tabşyryklary berip, nebitgaz toplumynda ätiýaçlyklaryň bardygyny belläp, olaryň ulanylmagynyň ýangyç-energetika toplumynyň kuwwatyny doly amala aşyrmaga mümkinçilik berjekdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedow Demirgazyk Goturdepe, Uzynada, Altyguýy we täze açylan beýleki nebit ýataklaryny çalt depginler bilen özleşdirmegiň möhümdigini belledi.

Bu babatda burawlamak we guýulary abatlamak üçin zerur bolan maddy-tehniki serişdeler bilen üpjün etmek, pudaga öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de nebitiň çykarylyşyny artdyrmak üçin halkara tejribede synagdan geçen netijeli usullary, ylmy taýdan esaslandyrylan usullary önümçilige giňden ornaşdyrmak barada tabşyryklar berildi.

 

Meňzeş täzelikler

2014