Stambulda Birinji Hazar ykdysady forumy bilen bagly «tegelek stol» maslahaty geçirildi

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy (Ankara ş.) we Baş konsullugy (Stambul ş.) tarapyndan Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyn Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde, Türkiýäniň palatar we biržalar bileleşiginiň Stambul şäherindäki edara binasynda, üstümizdäki ýylyň 12-nji awgustynda “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän birinji Hazar ykdysady forumy bilen bagly tegelek stol maslahaty geçirildi.

Tegelek stol maslahatyna Türkiýäniň palatalar we biržalar bileleşiginiň ýokary derejeli wekilleri, syýasatçylar, Türkiýe-Türkmenistan raýdaşlyk we hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň ýolbaşçylary, hususy kompaniýalaryň wekilleri, Stambulda ýerleşen diplomatik edaralaryň wekilleri, habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de beýleki ýokary derejeli myhmanlar gatnaşdylar.

Çäräniň açylşynda Türkmen diplomatlary öz çykyşlarynda 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumynyň geçirilmegine düýpli taýýarlyk görlüp başlanandygy, taryhda birinji iri hazarýaka forumynyň geçirilýän senesiniň Hazar deňziniň güni bilen gabat gelmeginde çuňňur many bardygyny, birinji Hazar ykdysady forumynyň toplumlaýyn taýýarlygy we ol boýunça çäreleriň durmuşa geçirilmegi, Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanylan Forumy geçirmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda alnyp barylýandygy barada durup geçdiler.

Meňzeş täzelikler

2014