Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-ukrain gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürmäge mümkinçilikleriň bardygyny belledi

Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hem-de özara düşünişmegiň ýokary derejesiniň halklarymyzyň bähbidine ikitaraplaýyn türkmen-ukrain gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilmegi we pugtalandyrylmagy üçin berk esas bolup hyzmat eder. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ukrainanyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagy mynasybetli Wladimir Aleksandrowiç Zelenskä iberen gutlagynda bellenilýär.

Öň habar berlişi ýaly, 2018-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ukrainanyň daşary işler ministriniň geňeşçisi Wiktor Maýkonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen geçirilen duşuşykda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri maslahatlaşyldy.

Ýakynda Aşgabat Kiýew özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary bolan söwda-ykdysady we ýangyç-energetika toplumlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdy. Hususan-da, Kiýew RF-iň territoriýasynyň üsti bilen türkmen tebigy gazyny almaklygy gaýtadan ýola goýmagyň we ony ÝB ýurtlaryna ibermegiň mümkinçiliklerine bil baglaýar.

Türkmenistan Merkezi Aziýada we Hazar sebitinde energetika bazarynyň möhüm gatnaşyjylarynyň biri bolup, energiýa geçirijileriniň dünýä bazarlaryna çykarylmagyny diwersifikasiýalaşdyrmagyň tarapyndan çykyş edýär.

2006-njy ýyla çenli Ukraina göni şertnama arkaly rus gaz geçirijileriniň üsti bilen türkmen gazyny alýardy. 2014-nji ýylda Kiýew iki ýurduň gazy ibermekde alternatiw ugurlary işläp düzmekde tagallalaryny birleşdiriň biljekdigini belledi.

Ukrain kompaniýalary Türkmenistanyň çäginde iri infrastruktura desgalarynyň, iri inženerçilik kommunikasiýalarynyň, nebitgaz, senagat we ulag pudaklarynyň desgalarynyň gurluşygyna gatnaşdy.

Ukraina esasan Türkmenistana demir ýol wagonlaryny, obasenagat toplumynyň önümlerini, elektrik maşynlary, himiýa, derman we agajy gaýtadan işleýän senagatyň önümlerini eksport edýärdi. Ukraina Türkmenistandan esasan nebiti gaýtadan işlemegiň önümlerini, pagta, ýüň we dokma önümlerini import edýärdi.

 

Meňzeş täzelikler

2014