Türkmenistanyň X Halkara Gaz kongresine nebitgaz bazarynyň iri kompaniýalary gatnaşar

21-22-nji maýda Hazar deňziniň türkmen kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Türkmenistanyň X Halkara Gaz kongresiniň işiniň başlanmagyna ýigrimi günden az wagt galdy. Çärä gurnaýjylar bolan «Türkmengaz» döwlet konserni «Turkmen Forum» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda häzirki wagtda ýubileý pudaklaýyn foruma taýýarlyk işlerini dowam edýärler.

Guramaçylaryň saýtynda bellenilişi ýaly, her ýylda geçirilýän gaz kongresi Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygyny ösdürmäge we giňeltmäge ýardam edýän abraýly işewürler-forumydyr. Kongresiň çäklerinde Türkmenistanyň gaz bazaryna we täze gaz-himiýa taslamalaryna syn berler, dünýäniň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary prezentasiýalar bilen çykyş ederler, toplanan tejribeleri bilen paýlaşarlar. Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyna aýratyn üns berler.

Forumyň çäklerinde köp sanly şertnamalara we ähtnamalara gol çekmek meýilleşdirilýär.

Kongresiň işine öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalarynyň, iri halkara guramalarynyň we maliýe institutlarynyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň gatnaşmagy meýilleşdirilýär. Olaryň hatarynda: Hyundai Engineering, Kawasaki, Shell, Petronas, Gaffney, Cline and Associates, NAPECO, Vitol, CNPC, Dragon Oil, ENI, Buried Hill, World Bank, IFC, ADB, ILF, EBRD, Allen & Overy we beýlekiler bar.

Deslapky meýilnama laýyklykda, kongresiň işiniň birinji gününde – 21-nji maýda maýa goýum taslamalarynyň prezentasiýalary we wideo-prezentasiýalary, gazhimiýa ulgamynda tejribe alyşmak bolar. Ilkinji günüň mowzugy: «Gazhimiýa ulgamynyň ösüş ugurlary», «Taýýar önümi paýlaşmagyň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmek» we «TOPH taslamasy».

Forumyň işiniň ikinji gününde – 22-nji maýda moderatorlaryň çykyşy we şertnamalara, ähtnamalara gol çekmek bolar.

Bu iri nebitgaz işewürler-forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň edaralarynyň we kärhanalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyp, bilelikde işewürligi alyp barmagyň meselelerini maslahatlaşarlar.

Foruma gatnaşyjylar şeýle hem «Petronasyň» we «Türkmengaz» DK-nyň Gyýanlydaky gazy gaýtadan işleýän zawodlaryna baryp, olaryň önümçilik işi bilen tanyş bolup bilerler.

 

Meňzeş täzelikler

2014