«UK Export Finance» Türkmenistanda taslamalary durmuşa geçirmek üçin milliard funt sterlinge golaý serişde bölüp berdi

Beýik Britaniýanyň eksport maliýeleşdiriş departamentiniň («UK Export Finance») direktory Womik Şah geçen hepdede Aşgabatda geçirilen Türkmen-britan söwda-senagat geňeşiniň 7-nji mejlisinde eden çykyşynda türkmen-britan hyzmatdaşlygynyň giň mümkinçilikleri hakynda gürrüň berdi, diýip ORIENT habarlar agentligi belleýär.

— Biz Türkmenistana gönükdirmek üçin bir milliard funt sterlinge golaý serişde bölüp goýduk — biz ýurtlarymyzyň arasynda aragatnaşygy ýola goýmaga gyzyklanma bildirýäris. Dürli ugurlarda – ýangyç-energetika toplumynda, gaýtadan işleýän senagatda, elektroenergetikada, ulagda, gurluşykda, durmuş ulgamy ösdürmekde, suwdan peýdalanmakda we beýleki ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmek üçin örän giň mümkinçilikler bar – diýip Şah belledi.

Nebiti we gazy gaýtadan işlemek boýunça taslamalary goldamaga aýratyn ähmiýet berildi. Türkmenistan uglewodorod çig malyny eksport etmekden, dünýä bazarlarynda has gymmat bahadan alynýan olary gaýtadan işlemekden alynýan önümleriň eksportyna geçýär. Bu meselede ýardam etmek barada mejlisiň barşynda «BP» kompaniýasynyň Azerbaýjanda, Gruziýada we Türkiýede işewürligi ösdürmek boýunça dolandyryjysy Jim Platt belledi.

Tutuş dünýä boýunça dürli taslamalary maliýeleşdirmekde dünýäde öňdebaryjy bolmak bilen, «UK Export Finance» britan kompaniýalarynyň goşulmak ýörelgesine ygrarlygyny saklaýar. Bu bolsa öz gezeginde Türkmenistanyň hyzmatdaşlarynyň sanawyny artdyryp we sebit bazaryna Beýik Britaniýadan täze kompaniýalary çekip biler.

— Biz britan işewürliginiň müşderilerine hem maliýe ýardamyny edýäris. Ýagny türkmen kärdeşlerimiz — biziň hyzmatdaşlarymyz. Şonuň üçin hem biz hyzmatdaşlygymyzyň başyndan başlap öz ýardamymyzy bereris – diýip W.Şah aýtdy.

Ol şeýle hem geçirilen forumyň bölünip berlen maliýeleşdirmekligi ulanmak boýunça has köp sanly teklipleri işläp düzmeklige, şeýle hem hyzmatdaşlygyň zerur bolan ugurlaryny kesgitlemäge ýardam etjekdigine umyt bildirdi.

«UK Export Finance» Britan hökümet guramasy Beýik Britaniýanyň Söwda we senagat ministrliginiň garamagynda hereket edýär we bilermen-kredit agentliginiň wezipesini ýerine ýetirýär.

«UK Export Finance» guramasynyň hyzmatlary uzakmöhletleýin göni karzlary bermekde we taslamalary dolandyrmakda, meýilnamalaşdyrmakda, tehniki enjamlary işläp taýýarlamakda, harytlary satyn almakda ýardam etmekde jemlenýär.

Meňzeş täzelikler

2014