Buharestde Birinji Hazar ykdysady forumyny geçirmek başlangyjy goldanyldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasy ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen birlikde “Hazar deňzinde hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri” ady bilen 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda «Аwaza» Milli syýahatçylyk zolagynda birinji Hazar ykdysady forumynyň geçirilmegine bagyşlanan tegelek stol geçirildi.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýtynyň habar bermegine görä, çärä Buharestde akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, Rumyniýanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň hünärmenleri, döwlet kompaniýalarynyň, rumyn işewürlik-birleşikleriniň, daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri, rumyn ýokary okuw mekdepleriniň, ýerli jemgyýetçiliginiň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Öz çykyşlarynda oňa gatnaşyjylar mundan beýläk hem sebitde gülläp ösüşiň, durnuklylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegine mümkinçilik berýän birinji Hazar ykdysady forumynyň geçirilmegini makulladylar we ulag hem-de energetika ulgamlarynda sebitiň ýurtlarynyň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň zerurlygyny belläp geçdiler.

 

Meňzeş täzelikler

2014