Gruziýanyň ilçisi Aşgabatda ulag we energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Gruziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mamuku Murjikneli bilen geçirilen duşuşykda ulag we energetika ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, diýip Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Owganystan–Türkmenistan–Azerbaýjan–Gruziýa–Türkiýe ugry boýunça geçýän Lazurit taslamasyny döretmegiň ileri tutulýan ugurlaryna aýratyn üns berip, gruzin diplomaty Gruziýanyň  bu taslamany ösdürmek işine işjeň gatnaşýandygyny belledi.

Mamuku Murjikneli Gruziýanyň Türkmenistandaky ilçisi wezipesine 2019-njy ýylyň martynda başlady. Döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurmak bilen ol öz ýurdunyň Türkmenistan bilen özara gatnaşyklary berkitmäge bolan ymtylyşyny beýan etdi.

Ulag we energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Döwletleriň ikisi hem Owganystan–Türkmenistan–Azerbaýjan–Gruziýa–Türkiýe ugry boýunça geçýän Lazurit taslamasyna gatnaşýarlar.

Mundan başga-da, şu ýylyň mart aýynyň başynda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Rumyniýanyň daşary işler ministrleri «Hazar deňzi – Gara deňiz» halkara ulag ugruny döretmek boýunça Buharestde ýörite duşuşyk geçirdiler. Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar Buharest Beýannamasyny kabul etdiler. Ýewropa we Aziýany birleşdirýän bäsdeşlige ukyply sebit hökmünde ýük daşamak boýunça Gara deňiz – Hazar deňzi ugruny ilerletmäge gönükdirilen resminamada Baku, Batumi, Poti, Konstans we Türkmenbaşy portlarynyň infrastrukturalaryny ösdürmekde gazanylan öňegidişlik bellenilendir.

Resminama laýyklykda, Gara deňiz – Hazar deňzi ulag geçelgesini döretmek boýunça başlangyjy netijeli durmuşa geçirmekligi üpjün etmek üçin ähli tehniki meseleler boýunça gepleşikleri geçirmek we hyzmatdaşlyk etmek üçin dörttaraplaýyn bilermenler toparyny döretmek göz öňünde tutuldy.

Energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegi barada gürrüň edilende, belläp geçmeli zatlaryň biri, Türkmenistan, Gruziýa, Azerbaýjan, Türkiýe we Ýewropa Bileleşigi «Günorta gaz geçelgesi» taslamasyny durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşýarlar. Bu taslama Hazar sebitinden tebigy gazy Ýewropa ibermäge gönükdirilendir.

Meňzeş täzelikler

2014