Gurbanguly Berdimuhamedow: Biz türkmen bazarynda koreý işewürliginiň wekillerini garşylamaga şatdyrys

Biz geljegi uly türkmen bazarynda Koreýanyň işewürler toparlarynyň wekillerini garşylamaga şatdyrys, iň öňdebaryjy tehnologiýalary, ekologiýa talaplaryny hasaba almak bilen ornaşdyrmak arkaly desgalary bina edýän iri kompaniýalar ýokary derejeli işgärleri taýýarlaýarlar hem-de biz olar bilen netijeli, ygtybarly we uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýäris diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže In Hazar bilen sebitindäki örän iri senagat kärhanasyna — Gyýanly şäherçesindäki polimer zawodyna baryp görmegiň çäklerinde belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti bu iri gazhimiýa toplumynyň döredilmegine gatnaşan ähli hünärmenlere we gurluşykçylara minnetdarlyk bildirdi.

Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň kanagatlanmak bilen belleýşi ýaly, köp ýyllaryň dowamynda Koreýanyň kompaniýalary Türkmenistanyň himiýa we energetika senagatynyň ösdürilmegine uly goşant goşýarlar. Polietilen we polipropilen önümçiligi boýunça nobatdaky häzirkizaman gazhimiýa toplumynyň ulanmaga berilmegi Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygyň hem-de barha berkeýän dostlugyň aýdyň beýany bolup durýar.

Gazy gaýtadan işlemek boýunça kuwwatlylygy babatynda bu toplumyň sebitde deňi-taýy ýokdur. Ol milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de okgunly ösdürmekde, diwersifikasiýalaşdyrmakda aýratyn möhüm ähmiýete eýedir hem-de ýurdumyzy toplumlaýyn senagatlaşdyrmaga, içerki we dünýä bazarlarynda uly islege eýe bolan ýokary hilli önümleriň eksport edilýän möçberleriniň artdyrylmagyna ýardam berer.

Granulirlenen ýokary dykyzlykly polietilenden önümleriň giň toplumy öndürilýär: dürli galyňlykdaky örtgüler, list termoplastlary, dürli diametrli turbalar, emeli halylar üçin sapaklar, hojalyk harytlary, mebel önümleri, oýnawaçlar we beýlekiler.

Meňzeş täzelikler

2014