Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidentleri Gyýanlydaky Polimer zawodyna baryp gördüler

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we ýurdumyzda döwlet saparynda bolýan Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže In Hazar sebitindäki örän iri senagat kärhanasyna — Gyýanly şäherçesindäki polimer zawodyna bardylar.

Bu zawod Ýaponiýadan, Koreýa Respublikasyndan, ABŞ-dan, Beýik Britaniýadan, Belgiýadan, Germaniýadan, Daniýadan we Ýewropanyň beýleki ýurtlaryndan satyn alnan enjamlar bilen üpjün edilendir. Onuň düzüminde esasy dört tehnologiýa ulgamy: gazy süzgüçler arkaly arassalamak, etany gaýtadan işlemek, polietileni we polipropleni öndürmek boýunça tehnologiýalar bar. Işleriň hemmesi awtomatlaşdyrylandyr we merkezi dolandyryş ulgamyna birikdirilendir.

Gyýanlydaky gazhimiýa toplumynda polimer önümçiligi iň häzirkizaman tehnologiýalary esasynda amala aşyrylýar, çig malyň täsin çözgütler boýunça ähli goşundylardan çuňňur arassalanylmagy bu önümçiligiň tapawutly aýratynlygydyr.

Hususan-da, gazy süzgüçler arkaly arassalaýan ulgamda СOREFLUХTM tehnologiýasy peýdalanylýar, bu usul tebigy gazdan metany, etany netijeli aýyrmagy üpjün edýär, şeýle hem bütin dünýäde «turşy gazlar» diýlip atlandyrylýan we simap goşundylaryndan çig maly arassalamakda giňden peýdalanylýar.

Kärhanada polietileniň ýedi görnüşi hem-de polipropileniň bäş görnüşi öndürilýär, olar ýokary gyzgynlyk derejesinde polimer çig malyna dürli goşundylaryň we dolduryjylaryň goşulmagy netijesinde alynýar. Bu usul polimer serişdesiniň esasy aýratynlyklarynyň toplumyny emele getirmäge mümkinçilik berýär.

Gyýanlydaky gazhimiýa toplumyny gurmak taslamasynyň 2014-nji ýylda Ýewropanyň we Ýewraziýanyň iň gowy taslamalarynyň onusynyň biri hökmünde Beýik Britaniýanyň «TXF» guramasynyň ýörite baýragyna mynasyp bolmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Ol eksport-karz agentlikleri tarapyndan maliýeleşdirilýär.

Prezident Mun Çže In kärhananyň tehniki we tehnologiki üpjünçiliginiň derejesine ýokary baha berip, Türkmenistanyň energetika toplumynyň köp ugurlary boýunça öňde barýandygyny nygtady.

Koreýa Respublikasynyň Baştutany gazhimiýa pudagynyň ägirt uly kärhanasynyň işi bilen tanyşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, iki ýurduň nebitgaz ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmegi üçin hemme şertleriň bardygyny belledi.

Meňzeş täzelikler

2014