Koreý kompaniýalary Türkmenistan tarapyndan ýangyç-energetika toplumynda öňe sürülýän taslamalara işjeň gatnaşar — Mun Çže In

17-nji aprelde Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže In Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen gepleşikler tamamlanandan soňra, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen eden çykyşynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy dowam etmäge we ýangyç-energetika toplumynda taslamalary durmuşa geçirmek meýilleri barada belledi.

Netijeli hyzmatdaşlygy has-da depginli ösdürmek boýunça gazanylan ylalaşyk barada habar berip hem-de Gyýanlyda geçen ýyl iri gazhimiýa toplumynyň tamamlanan gurluşygyny tagallalary üstünlikli birleşdirmegiň aýdyň mysaly hökmünde getirip, Prezident Mun Çže In energetika pudagynda Türkmenistan tarapyndan öňe sürülýän taslamalara koreý kompaniýalarynyň has-da giňden gatnaşyp biljekdigine umyt bildirdi.

Bellenilişi ýaly, şunda Koreýa Respublikasynyň işewür toparlary bilen hyzmatdaşlyk etmäge türkmen tarapynyň neneňsi üns berýändigi möhüm ýagdaý bolup durýar. Biziň ýurtlarymyz bar bolan özara mümkinçilikleri işjeň peýdalanyp, netijeli gatnaşyklary hem-de Gyýanlynyň ikinji, üçünji taslamalary boljak nusgalary döretmegi dowam ederler diýip, belent mertebeli myhman aýtdy.

Senagat pudagy, nebitgaz pudagy üçin işgärleri taýýarlamak, nebitgaz pudagynda hünär bilimini kämilleşdirmek işinde tagallalary birleşdirmek barada hem ylalaşyk gazanyldy. Koreýa Respublikasynyň Baştutany biziň ýurtlarymyz ýokary hünärli inženerleri taýýarlar, maglumatlary alşyp, senagat taýdan bäsdeşlige ukyplylygy artdyrarlar diýip belledi.

Ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygy ösdürmek temasy Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidentleriniň Bilelikdäki Beýannamasynda hem bellenildi.

«Bilelikdäki Beýannamada bellenilişi ýaly: «Taraplar energetika önümçiligi ulgamynda we dürli ulgamlarda, şol sanda nebithimiýasynda hyzmatdaşlygy giňeltmekde özara gatnaşyklary berkitmeklige gyzyklanma bildirdiler... Taraplar geçen ýyl Gyýanlyda gazhimiýa toplumynyň gurluşygynyň üstünlikli tamamlanandygyny bellediler».

Belläp geçsek, tebigy gazdan polietilen we polirpolilen önümçiligi boýunça Gyýanly gazhimiýa toplumy 2018-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda işe girizildi. GHT her ýylda 5 mlrd kub metr tebigy gazy gaýtadan işlemäge we 381 müň tonna ýokary dykyzlykly polietilen, 81 müň tonna polipropilen öndürmäge niýetlenendir.

GHT-niň gurluşygy 2013-nji ýylda başlanylyp, «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Hyundai Engineering Go.Ltd», «LG International Corp» (Koreýa respublikasy) we «Toyo Engineering Corp» (Ýaponiýa) kompaniýalarynyň konsorsiumlary bilen 3,4 mlrd amerikan dollaryna barabar bolan şertnamasy esasynda amala aşyryldy.

Kärhanada polietilen we poliprolieniň önümçiligi häzirki zaman tehnologiýalarynyň esasynda amala aşyrylýar. Çig malyň garyndylardan çuňlaşdyrylyp arassalanmagy onuň tapawutly aýratynlygydyr. Netijede kärhana halkara ülňülerine laýyk gelýän ekologiýa taýdan arass önüm öndürýär.

 

Meňzeş täzelikler

2014