Türkmenistan we Koreýa Respublikasy ikitaraplaýyn resminamalara gol çekdiler

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže Iniň arasynda gepleşikler tamamlanandan soňra, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Hususan-da, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Mun Çže In Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Bilelikdäki Beýannamasyna gol çekdiler.

Döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda: Diplomatik, resmi we gulluk pasportlaryň eýeleri üçin wiza talaplaryny ýatyrmak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Koreýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Koreýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 2019 — 2022-nji ýyllar üçin Ykdysady hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna, 2015-nji ýylyň 13-nji aprelinde Seul şäherinde gol çekilen Girdejiler üçin salgytlar babatda iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak hem-de fiskal boýun gaçyrylmagynyň öňüni almak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Koreýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Konwensiýa üýtgetmeleri girizmek hakynda Teswirnama gol çekildi.

Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrligi bilen Koreýa Respublikasynyň Ylym we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ministrliginiň arasynda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Koreýa Respublikasynyň Saglygy goraýyş we durmuş üpjünçiligi ministrliginiň arasynda lukmançylyk işgärlerini, farmasewtika serişdelerini we lukmançylyk enjamlaryny alyşmak babatda hyzmatdaşlygy durmuşa geçirmegiň Meýilnamasyna gol çekildi.

Gol çekilen resminamalaryň toplumynda nebitgaz toplumynda, dokma senagatynda, ulag, saglygy goraýyş we lukmançylyk senagaty, bilim we hünärmenleri taýýarlamak ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça ýene-de 20-ä golaý resminamalar bar.

Şolaryň hatarynda: «Türkmen milli nebitgaz kompaniýasy» Ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti (NaPeСo) bilen «LG International Сorp» kompaniýasynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama, şeýle hem «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Koreýanyň Senagat kärhanalar guramasy (KOPIA) arasynda türkmen inženerleriniň hünär kämilligini ýokarlandyrmak barada Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Meňzeş täzelikler

2014