Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda bilelikdäki energetika taslamalaryny durmuşa geçirmekligiň mümkinçiliklerine garamagy teklip etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže Iniň arasynda geçirilen gepleşiklerde ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy.

— Türkmenistan baý tebigy serişdeleri, ösýän senagat-ulag düzümi hem-de oba hojalyk toplumy bar, Koreýa Respublikasy bolsa, döwrebap tehnologiýalara we önümçilige eýe bolup durýar. Biziň ýurdumyz senagatlaşdyrmaga tarap ugur almak bilen, öňdebaryjy we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalara esaslanan täze önümçilik kuwwatlyklaryny döretmäge gyzyklanma bildirýär. Şunda Türkmenistan koreý işewür toparlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyga bil baglaýar – diýip Türkmenistanyň Prezidenti belledi.

Öňdebaryjy koreý kompaniýalarynyň türkmen bazarynda işlemegi bilelikdäki netijeli işleriň aýdyň mysaly bolup durýar. Olar özüni ygtybarly hyzmatdaşlar hökmünde tanadyp, nebiti gaýtadan işleýän we gazhimiýa toplumlaryny gurmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça taslamalary amala aşyrmaga işjeň gatnaşýarlar. Şol taslamalaryň hatarynda «Galkynyş» käninde gazy gaýtadan işleýän zawodyň hem-de Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesinde polimer öndürýän gazhimiýa toplumynyň gurulmagyny aýratyn bellemek gerek.

Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz ulgamynda özara gatnaşyklaryň oňyn tejribesine esaslanyp, ýakyn geljekde Türkmenistanda bilelikdäki energetika taslamalaryny amala aşyrmak mümkinçiligine seretmegi teklip etdi. Olaryň has möhümlerine ýakynda Seulda geçirilen Söwda, ykdysady, ylym we tehnologiýa hyzmatdaşlygy boýunça hökümetara türkmen-koreý toparynyň ýedinji mejlisinde seredildi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany 2019-njy ýylyň maý-iýun aýlarynda gyzyklanma bildirýän koreý kompaniýalarynyň hem-de Türkmenistanyň degişli düzümleriniň arasynda bilelikdäki işleri guramak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak boýunça gepleşikleriň geçirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti ulag pudagyny ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi. Şunuň bilen baglylykda, iri koreý ulag-logistika, gämi gurluşyk kompaniýalary, şeýle hem döwrebap awtoulaglary, lokomotiwleri we wagonlary öndürýän kärhanalar durnukly ulag babatda halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegi hökmünde Türkmenistanyň ulag-kommunikasiýa düzümini ösdürmäge gatnaşyp bilerdiler.

Degişli koreý kompaniýalarynyň gyzyklanma bildiren ýagdaýynda türkmen tarapy ýurdumyz üçin täze pudakda — Hazar deňzinde ulanmak üçin deňiz gämilerini gurmak babatda ýakyn gatnaşyklary ýola goýmaga taýýardyr. Munuň üçin 2018-nji ýylyň maýynda ulanmaga berlen Türkmenbaşy şäherindäki täze Halkara deňiz portunyň düzüminde gämi gurluşyk zawodyny peýdalanyp bolar.

Türkmenistanyň çäginde koreý awtomobil gurluşyk kompaniýalarynyň söwda we abatlaýyş-ulanyş binýadyny döretmek bilen, Koreýa Respublikasyndan awtomobil tehnikalaryny satyn almak babatda hyzmatdaşlygy dowam etmegiň hem geljegi uludyr.

Türkmen tarapy demir ýol ulaglary babatda hem hyzmatdaşlygyň esasy ölçeglerini ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyr. Şunda koreý kompaniýalarynyň degişli tehnikalary getirmek, şeýle hem olaryň Türkmenistanyň demir ýollaryny döwrebaplaşdyrmaga gatnaşmak boýunça mümkinçiliklerini öwrenmek örän möhüm mesele bolup durýar.

Şeýle hem bellenilişi ýaly, Türkmenistan elektron, dokma senagatynda, sanly tehnologiýalary ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna ornaşdyrmakda bilelikdäki taslamalary işläp taýýarlamaklyga taýýar.

Söwda gatnaşyklaryny berkitmek, bar bolan hem-de geljegi uly bilelikdäki ykdysady taslamalary utgaşdyrmak, hyzmatdaşlyk ugurlaryny giňeltmek, iki ýurduň işewürler toparlarynyň işjeňligini güýçlendirmek maksady bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow bilelikdäki türkmen-koreý Işewürler geňeşini döretmegi teklip etdi. Onuň düzümine türkmen hem-de koreý senagat kärhanalary, söwda firmalary, banklar, maliýe-senagat institutlary, ykdysady maglumat merkezleri girip biler.

Şeýle hem döwlet Baştutany telekeçiler düzümleriniň ady agzalan Geňeşiň çäklerinde yzygiderli gatnaşmagynyň ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy has-da ilerletmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Meňzeş täzelikler

2014