Türkmenistan Koreýa Respublikasyny ygtybarly işewür hyzmatdaş hasaplaýar — Gurbanguly Berdimuhamedow

Şu gün «Oguzhan» köşkler toplumynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de ýurdumyza döwlet sapary bilen gelen Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže Iniň arasynda ilki ikiçäk görnüşde, soňra giňişleýin düzümde — iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda gepleşikler geçirildi.

Bellenilişi ýaly, bu Mun Çže In Türkmenistana Koreýa Respublikasynyň baştutany hökmünde ilkinji sapary bolup durýar, munuň özi şu günki duşuşyga aýratyn öwüşgin çaýýar.

Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhmany türkmen topragynda mähirli mübärekläp, Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyny ygtybarly işewür hyzmatdaşy hasaplap, onuň bilen geljekde hem taraplaryň uly kuwwatyna we erk-islegine esaslanan netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýändigini belledi. Türkmenistanyň Prezidenti türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň okgunly depginini belläp, Aşgabatda gazanylan ylalaşyklaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklara täze anyk mazmun berjekdigine ynam bildirdi.

Prezident Mun Çže In mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Koreýa Respublikasynyň Türkmenistan bilen köpugurly hyzmatdaşlyga uzakmöhletleýin esasda üýtgewsiz gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Şunuň bilen baglylykda, koreý işewür toparlarynyň türkmen bazarynda ornuny giňeltmäge hem-de dürli pudaklarda täze bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändigi bellenildi. Geçen ýyllaryň içinde toplanan özara gatnaşyklaryň tejribesini nazara almak bilen, geljekde hem üstünlikli hyzmatdaşlyk üçin oňat mümkinçilikler bar. Şunuň bilen baglylykda, şu günki ýokary derejedäki duşuşygyň geljegi nazarlamak bilen hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berjekdigine ynam bildirildi.

Özara düşünişmek we netijelilik ýagdaýynda geçen gepleşikleriň dowamynda türkmen-koreý gatnaşyklary bilen bagly meseleleriň giň topary ara alnyp maslahatlaşyldy, olaryň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň söwda-ykdysady ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi, köpugurly işewür gatnaşyklary giňeltmegi maksat edinýändigini tassyklamak bilen, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Mun Çže In däbe öwrülen medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ähmiýetini belläp, olary hemmetaraplaýyn berkitmek barada pikirlerini aýtdylar.

Belent mertebeli myhman şeýle hem biziň iki döwletlerimizi medeni umumylygyň hem-de köp däpleriň ýakyndygynyň birleşdirýändigini belledi. Şolaryň hatarynda ula hormat goýulmagyny we myhmansöýerligi agzap bolar.

Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar soňky ýyllarda dürli ugurlarda işjeň ösdürilýär diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow kanagatlanma bilen belledi. Munuň şeýle bolmagyna biziň ýurtlarymyzyň arasynda ýola goýlan ýokary derejedäki syýasy gatnaşyklar ýardam edýär. Bu bolsa geljek üçin döwletara gatnaşyklaryny ynamly gurmaga, halkara we sebit syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça çemeleşmeleri ylalaşmaga, özara gatnaşyklaryň esasy ugurlaryny kesgitlemäge, ykdysadyýetde, söwdada, maýa goýmak işinde, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyň uzakmöhletleýin meýilnamalaryny düzmäge mümkinçilik berýär.

 

Meňzeş täzelikler

2014