Türkmenistan Russiýa tebigy gaz ibermegini gaýtadan ýola goýdy

Şu gün, 15-nji aprelde gündiz sagat 12-den başlap Russiýa Federasiýasyna türkmen tebigy gazynyň iberilmegi gaýtadan ýola goýuldy. Bu barada «Türkmengaz» döwlet konserni habar berýär.

Öň habar berlişi ýaly, gazy ibermekligi gaýtadan dikeltmek barada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Gazpromyň» direktorlar geňeşiniň başlygynyň orunbasary Alekseý Milleriň arasynda 27-nji martda geçirilen duşuşykda maslahatlaşylypdy.

Ibermeler Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda gaz ulgamynda 2028-nji ýyla çenli hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky hereket edýän hökümetara Ylalaşygyň çäklerinde ýola goýuldy.

Meňzeş täzelikler

2014