Pekinde «tegelek stolyň» barşynda birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmagyň meseleleri maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň HHR-ki Ilçihanasynyň binasynda Hytaýyň öňdebaryjy işewürler toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Awazada geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumyna (HYF) bagyşlanan tegelek stol hem-de Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleriniň tanyşdyrylyş çäresi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.

Geçirilen çäräniň barşynda oňa gatnaşan HHR-iň kompaniýalarynyň wekillerine Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyçlary, biziň ýurdumyzyň halkara işlerine, aýratyn hem sebitleýin we sebitara özara hereketlerine işjeň gatnaşmak boýunça daşary syýasat ulgamyndaky meýilnamalary we wezipeleri hakyndaky maglumatlar ýetirildi. Has takygy, 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda Awaza Milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumy hakynda giňişleýin beýan edildi.

Hytaýyň işewürleri ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda, şol sanda gaýtadan işleýän senagatda, ýokary tehnologiýalarda, ulagda, gurluşykda özara gatnaşyklary işjeňleşdirmekde Türkmenistanyň ornuna ýokary baha berdiler. Olar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge meýil bildirdiler, şol sanda Birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmaga gyzyklanmalaryny beýan etdiler. Bu forum söwda-ykdysady we maýa goýum aragatnaşyklaryny täze derejelere çykarmaga ýardam eder.

Hytaý kompaniýalary Türkmenistanda magistral ýollaryň, köprüleriň, demir ýollaryň, howa menzilleriniň, dag magdan we himiýa senagaty kärhanalarynyň gurluşygy boýunça maýa goýum taslamalara gatnaşmaga gyzyklanmalaryny beýan etdiler.

 

Meňzeş täzelikler

2014