Türkmenistan we Bahreýn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny kesgitlediler

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de ýurdumyza döwlet sapary bilen gelen Bahreýniň Patyşasy Hamad Bin Isa Al Halifanyň arasynda ikiçäk derejede, şeýle hem iki ýurduň resmi wekiliýetiniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde geçirilen gepleşiklerde özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy.

Duşuşykda bellenilişi ýaly, Türkmenistan we Bahreýn Patyşalygy depginli ösýän, tebigy baýlyklary bolan, geografiýa taýdan amatly ýerleşen döwletlerdir. Munuň özi iki ýurda söwda-ykdysady ulgamda doly möçberli we özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmek üçin uly mümkinçilikleri berýär

Şu nukdaýnazardan hem uzak möhletli degişli şertnama-hukuk binýady hem-de ykdysadyýet we söwda ulgamlarynda hemişelik esasda hereket edýän ikitaraplaýyn usullary döretmek zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ikitaraplaýyn türkmen-bahreýn hökümetara toparyny döretmek meselesini çözmegiň wagty gelendigini bellenildi.

Şeýle hem iki ýurduň ýangyç-energetika hem-de gaýtadan işleýän kuwwatlyklarynyň bolmagy, geografiýa taýdan amatly ýerleşmegi özara tejribe alyşmak we ony netijeli peýdalanmak üçin amatly esas bolup hyzmat eder. Şol sanda energiýa serişdelerini halkara bazarlaryna eltmek boýunça giň gerimli taslamalar amala aşyrylanda hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin şert döreder.

Gepleşiklerde bellenilişi ýaly, häzirki döwürde Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan ugry boýunça gaz geçirijiniň gurluşygynyň güýçli depginler bilen alnyp barylýandygy bellenilip, Bahreýniň kompaniýalary geljegi uly bu taslama gatnaşmaga çagyryldy.

Ulag-üstaşyr ulgamda hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçilikleri barada aýratyn durlup geçip, bu ugurda türkmen tarapynyň Bahreýn Patyşalygyna, ilki bilen, Merkezi Aziýa — Ýakyn Gündogar ulag geçelgesiniň taslamasyny durmuşa geçirmekde mümkinçiligi uly bolan möhüm hyzmatdaş hökmünde garalýandygy bellenildi. Bahreýnde ösen port üpjünçilik ulgamlarynyň bolmagy bu ugurda ägirt uly mümkinçilikleri açýar.

2018-nji ýylyň maýynda Türkmenbaşynyň Halkara deňiz porty ulanyşa girizildi. Ol Gündogar-Günbatar we Demirgazyk-Günorta ugurlary boýunça iri ulag geçelgesine öwrülmäge gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, Bahreýniň portlary bilen logistik aragatnaşyklary ýola goýmak mümkinçilikleri bellenildi.

Ykdysadyýetiň oba hojalygy, aragatnaşyk hem-de kommunikasiýa ulgamlaryny, gaýtadan işleýän we himiýa senagaty ýaly pudaklary hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezilip, Türkmenistanyň dokma senagatynyň önümlerini Bahreýne ibermegiň mümkinçiligine seretmek teklip edildi.

Bank ulgamy bilen şäher gurluşygyny hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlaryna degişli edip bolar. Ýurdumyz oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek we azyk senagaty boýunça hem hyzmatdaşlygyň baý tejribesini toplady.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlykda, maýa goýum işini güýçlendirmekde iki ýurduň hususy maýadarlaryna, telekeçilik guramalaryna möhüm orun berilýär. Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, hemişelik hereket edýän Türkmen-bahreýn işewürler geňeşini döretmek barada oýlanmagy teklip etdi.

Gepleşikleriň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň we Bahreýniň Patyşasynyň, iki döwletiň hökümet wekiliýetleriniň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Türkmenistanyň Merkezi banky bilen Bahreýniň Merkezi bankynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Ulag babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada Türkmenistanyň Hökümeti bilen Bahreýn Patyşalygynyň Hökümetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama iki ýurduň hyzmatdaşlygyny berkitmekde möhüm ädimler boldy.

Şeýle hem bilim, medeniýet, sport we syýahatçylyk ulgamlarda ylalaşyklara gol çekildi.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Bahreýn Patyşalygynyň Hökümetiniň arasynda elektron hökümeti babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Diplomatik, gulluk we ýörite pasportlarynyň eýelerini wiza talaplaryndan özara boşatmak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Bahreýn Patyşalygynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga gol çekildi.

Bahreýniň Patyşasynyň Türkmenistana döwlet saparynyň jemleri boýunça Bilelikdäki Beýannama kabul edildi.

Meňzeş täzelikler

2014