«Türkmengaz» we «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleri Bahreýniň GPIC kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyk baglanyşdylar

Geçen şenbe güni Aşgabatda türkmen-bahreýn işewürler maslahaty geçirildi. Bu çärä gatnaşmak üçin Türkmenistana Bahreýn Patyşalygynyň işewürler toparynyň wekilleriniň ähmiýetli wekiliýeti geldi. Duşuşyk Bahreýniň Patyşasy Hamad Bin Isa Al Halifa türkmen paýtagtyna döwlet sapary öň ýanynda gurnaldy.

Işewürler maslahatyna Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şeýle hem hususy pudagyň kärhanalarynyň we kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Gatnaşyjylaryň çykyşlarynda Türkmenistan bilen Bahreýniň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Forumyň çäklerinde türkmen tarapyndan «Тürkmengaz» Döwlet konserniniň, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň ýolbaşçylary, şeýle hem Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň we Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň ýolbaşçylary çykyş etdiler.

Bahreýn tarapyndan Patyşalygyň Milli Nebit müdirliginiň, Milli gaz edarasynyň, Energetika we suw meseleleri boýunça ministrliginiň ýolbaşçylary, şeýle hem Bahreýn Patyşalygynyň Söwda-senagat edarasynyň we Merkezi bankynyň ýolbaşçylary çykyş etdiler.

Taraplar öz çykyşlarynda aýratynlykda nebitgaz, gurluşyk, ulag-kommunikasiýa, bank we azyk pudaklarynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny jikme-jik beýan etdiler.

Şeýle hem Türkmenistanda we Bahreýnde ýangyç-energetika we gaýtadan işleýän kuwwatlyklarynyň bardygy hem-de olaryň geografiki taýdan amatly ýerleşmeginiň ikitaraplaýyn we sebitleýin hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi üçin esas bolup durýandygy bellenilip geçildi.

Çykyşlar tamamlanandan soň, resminamalar bukjasyna gol çekildi:

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Bahreýn Patyşalygynyň Söwda-senagat edarasynyň arasynda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama, «Türkmengaz» döwlet konserni bilen «Gulf Petrochemical Industries» kompaniýasynyň arasynda «Ýaşyrynlyk hakynda Ylalaşyga», «Türkmengaz» döwlet konserni bilen «Gulf Petrochemical Industries» kompaniýasynyň arasynda gaz we gazhimiýa pudagynda özara hyzmatdaşlyk etmek barada Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama, «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Gulf Petrochemical Industries» kompaniýasynyň arasynda «Ýaşyrynlyk hakynda Ylalaşyga», «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Gulf Petrochemical Industries» kompaniýasynyň arasynda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi.

Ýekşenbe güni energetika, nebit we gaz, himiýa senagaty, oba hojalygy, syýahatçylyk ulgamlarynyň ileri tutulýan ugurlarynda iki ýurduň pudaklaýyn ministrlikleriniň hem-de edaralarynyň arasynda duşuşyklar we gepleşikler geçirildi.

GPIC kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk türkmen gaz we himiýa önümlerini ýerli derejede bolşy ýaly, eksporta, şol sanda – Pars aýlagyna eksport etmäge gönükdirilendir.

GPIC-iň wekilleri 2019-njy ýylyň fewralynda iş sapary bilen Türkmenistana gelipdiler. Şol wagt bilelikdäki birnäçe nebitgaz we gazhimiýa taslamalaryny durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri we hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mundan beýläkki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

Meňzeş täzelikler

2014