Nebit soňky dört aýda iň ýokary nyrhda satylýar, «Brentiň» bahasy 67,83 dollar

Nebitiň etalon görnüşleriniň bahalary penşenbe güni dördünji sessiýa bäri ýokarlanmagyny dowam edip, soňky dört aýda iň ýokary derejesine ýetdi. Ýokary galyş ABŞ-da ýangyç ätiýaçlyklarynyň garaşylmadyk ýagdaýda çäklendirilmegi we OPEC ylalaşygynyň möhletiniň uzaldylmagynyň mümkinliginiň netijesinde boldy, diýip Interfaks habar berýär.

Moskwa wagty bilen 8:10-da Londonyň «ICE Futures» biržasynda «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,41 göterim ýokarlanyp, 67,83 amerikan dollaryna deň boldy. «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 0,18 göterim gymmatlap, 56,06 amerikan dollaryna barabar boldy.

Nýu-Ýorkuň «NYMEX» haryt biržasynda «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 0,26 göterim ýokarlanyp, 58,41 amerikan dollaryna barabar boldy.

Geçenki sessiýanyň netijeleri boýunça «Brentiň» bahalary 1,32 göterim ýokarlanyp, 67,55 dollara, «WTI» 2,44 göterim gymmatlap, 58,26 dollara deň boldy.

Geçen hepdede ABŞ-da nebitiň harytlyk ätiýaçlyklary 3,86 mln barrel azaldy, diýip ABŞ-nyň Energetika ministrligi habar berýär. Öňräk Amerikan nebit instituty (API) ätiýaçlyklaryň 2,58 mln barrel azalandygyny habar berdiler, bilermenler bolsa bu görkezijiniň 3,3 mln barrel bolmagyna garaşýardylar.

Muňa garamazdan, benzin ätiýaçlyklary geçen hepdede garaşylan 3 mln barrel azalma derek 4,62 mln barrel azaldy. Distilýatlaryň ätiýaçlyklary 383 müň barrel artdy. Bilermenler bu görkezijiniň 2 mln barrel azalmagyna garaşýardylar.

 

Meňzeş täzelikler

2014