Aprel aýynda Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana saparynyň bolmagyna garaşylýar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda iki ýurduň daşary işler ministrleriniň derejesinde geçirilen syýasy geňeşmeleriň barşynda Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana sapar bilen gelmegine garaşylýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Koreýa Respublikasynyň wekiliýetine Aşgabada iş sapary bilen gelen Daşary işler ministriniň orunbasary Ýun Sun-Gu ýolbaşçylyk etdi.

Duşuşygyň barşynda bellenilişi ýaly, döwlet baştutanlarynyň özara saparlary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşiniň esasy şerti bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda koreý tarapy Türkmenistan bilen gatnaşyklarynyň ösdürilmeginiň Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň daşary syýasat işiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi we ol geljek aýda Türkmenistana sapar bilen gelmegi meýilleşdirýändir.

Bu mazmunda taraplar bu sapara taýýarlyk bilen bagly bolan meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Has takygy, saparyň çäklerinde gol çekilmegi meýilleşdirilýän resminamalaryň bukjasyna seredildi. Şeýle hem nobatdaky saparyň guramaçylyk-protokol meselelerine garalyp geçildi.

Şeýle hem gepleşikleriň barşynda Koreýa Respublikasynyň işjeň hyzmatdaşlyk etmek isleýän türkmen diplomatiýasynyň ileri tutulýan üç ugry bellenilip geçildi. Olar – suw, ulag we energetika diplomatiýasydyr. Bu ugurda Türkmenistanyň Prezidentiniň halkara başlangyçlary we koreý tarapynyň bu ugurlar boýunça işjeň hyzmatdaşlyk etmäge taýýarlygy nygtaldy.

Gepleşikleriň dowamynda şeýle hem koreý kompaniýalarynyň Türkmenistanda alyp barýan işleriniň geljegi hem ara alnyp maslahatlaşyldy, olar ýurdumyzda nebiti gaýtadan işleýän we gaz-himiýa toplumlarynyň gurluşygy we döwrebaplaşdyrylmagy boýunça taslamalara işjeň gatnaşýandyrlar. Şunuň bilen baglylykda şu ýylyň başynda geçirilen Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologiki hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-koreý Hökümetara toparynyň üstünlikli geçirilen mejlisi ýatlanylyp geçildi.

Medeni-ynsanperwerlik hyzmatdaşlygy hakynda gürrüň etmek bilen taraplar bu ugurdaky oňyn ädimleri, has takygy ýurdumyzyň orta bilim berýän mekdeplerinde koreý dilini okatmak boýunça maksatnamalaryň girizilmegine görülýän taýýarlyk barada nygtap geçdiler.

Öz saparynyň çäklerinde Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ýun Sun-Gu Türkmenistanyň Daşary işler ministri tarapyndan hem kabul edilendigini hem bellenilip geçilmelidir. Gepleşikleriň barşynda taraplar özara gyzyklanma döredýän derwaýys meseleleriň birnäçesini ara alyp maslahatlaşdylar.

 

Meňzeş täzelikler

2014