Ýewrokomissar: «Günorta gaz geçelgesiniň» kuwwatlylygynyň giňeldilmegi ÝB Hazar sebitinden goşmaça gaz almaga mümkinçilik berer

Azerbaýjan gazyny Ýewropa ibermekligi göz öňünde tutýan «Günorta gaz geçelgesi» (GGG) Ýewropa Bileleşigi üçin geým-çeýnjer bolup durýar, çünki 2020-nji ýyla çenli ol Hazar sebitinden Ýewropa ilkinji gezek gaz iberer, diýip Býujet we adam resurslary boýunça Ýewrokomissar Gýunter Ettinger Trend agentligine habar berdi.

«Şu manyda bu taslama ibermeleriň täze ugruny açar we ÝB Energetika howpsuzlyk strategiýasyna we Energetika bileleşigine laýyklykda, öz gaz çeşmelerini diwersifikasiýalaşdyryp biler» diýip ol aýtdy.

Ýewrokomissaryň belleýşi ýaly, «Günorta gaz geçelgesiniň» häzirki kuwwaty geljekde giňeldilip hem bilner. Bu bolsa ÝB Hazar sebitinden goşmaça gaz almaga mümkinçilik berer.

Belläp geçsek, häzirki wagtda «Günorta gaz geçelgesi» Gruziýanyň we Türkiýäniň üsti bilen 10 mlrd kub metr azerbaýjan gazyny ibermegi göz öňünde tutýar. ÝB Hazar sebitiniň beýleki döwletlerinden «GGG» boýunça gaz ibermek üçin onuň kuwwatlylygyny artdyrmak mümkinçiligine garaýar. Şu nukdaýnazardan kuwwatlylygy ýylda 10-dan 30 milliard kub metr gaza  barabar boljak Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasy maslahatlaşylýar.

Meňzeş täzelikler

2014