«Günorta gaz geçelgesi» taslamasynyň durmuşa geçirilmegi tamamlaýjy tapgyra gadam basdy

Azerbaýjan gazyny Ýewropa ibermäge niýetlenen «Günorta gz geçelgesi» taslamasynyň durmuşa geçirilmegi tamamlaýjy tapgyra gadam basdy. Bu barada Howpsuzlyk boýunça Mýunhen konferensiýasynda Azerbaýjanyň energetika ministri Pýarwiz Şahbazow belledi, diýip TASS habar berýär.

Azerbaýjan ministriniň sözlerine görä, ibermeleri 2020-nji ýylyň ahyrynda başlamak meýilleşdirilýär. «GGG» energiýa howpsuzlygy nukdaýnazardan alanyňda has Günorta-Gündogar Ýewropanyň bazaryna niýetlenen bolsa hem, geljekde ol has köp sanly Ýewropa ýurtlaryny öz içine alyp biler. «Bu «Günorta gaz geçelgesiniň» ösmegi bilen Ýewropanyň energiýa howpsuzlygyň has ýokary derejede üpjün ediljekdigine şaýatlyk edýär» diýip Şahbazow belleýär.

TASS agentliginiň belleýşi ýaly, «bu geçelge üçin esasy çig mal çeşmesi Hazar deňziniň kenaryndaky 1,2 trillion kub metr gaz ätiýaçlygy bolan «Şah Deňiz» käni bolar. Soňlugy bilen «GGG» boýunça beýleki çeşmelerden, şol sanda Türkmenistandan gaz ibermek meýilleşdirilýär».

Şahbazow şeýle hem 20-nji fewralda Bakuda geçiriljek «GGG-niň» Konsultatiw geňeşiniň çäklerinde ministrleriň bäşinji mejlisi hem-de bu ölçegdäki geňeşmeleriň energiýa howpsuzlygyna goşandy hakynda habar berdi.

«GGG» Azerbaýjandan Gruziýanyň, Türkiýäniň, Gresiýanyň we Albaniýanyň çäkleri boýunça Italiýanyň günortasyna ýetiriler. «GGG» türkmen gazyny birikdirmek üçin Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda Hazar deňziniň düýbi boýunça gaz geçiriji gurmak zerur bolar.

20-nji fewralda Bakuda geçiriljek «Günorta gaz geçelgesi» boýunça bäşinji konsultatiw geňeşiniň jemleýji jarnamasynyň taslamasynda bellenilişi ýaly, Hazar sebitinden Türkiýä we Ýewropa tebigy gaz ibermäge gönükdirilen «Günorta gaz geçelgesine» gaz iberijileriniň diwersifikasiýasy zerur. «Mawy ýangyjy» mümkin bolan iberijileriň hatarynda Brýussel tebigy gaza örän baý bolan we uzakda ýerleşmedik — Hazar deňziniň garşy tarapynda Türkmenistany görýär.

 

Meňzeş täzelikler

2014