Seul şäherinde hökümetara türkmen-koreý toparynyň nobatdaky mejlisi geçiriler

Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý toparynyň ýedinji mejlisi Koreýa Respublikasynyň paýtagty Seul şäherinde geçiriler. Foruma görülýän taýýarlyk barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow geçen anna güni geçirilen hökümet mejlisinde hasabat berdi.

Hususan-da, mejlisiň dowamynda ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek, söwda-ykdysady, maliýe we senagat ulgamlarynda, energetika hem-de mineral serişdelerini gaýtadan işlemek, ulag we gurluşyk, oba hojalygy hem-de balykçylyk ulgamynda, medeniýet, syýahatçylyk, saglygy goraýyş, standartlaşdyrmak, ylym we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary, bilim ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.

Döwlet Baştutanynyň garamagyna «Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý toparynyň Türkmen böleginiň düzümini tassyklamak hakynda» kararyň taslamasy hödürlenildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň okgunly häsiýete eýe bolýandygyny, dürli ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek, işewür gatnaşyklary işjeňleşdirmek hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek üçin köpugurly mümkinçilikleriň bardygyny kanagatlanma bilen belledi.

Prezident milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň artdyrylmagyna ýardam berýän iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutany Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý toparynyň Türkmen böleginiň düzümini tassyklamak barada degişli Karara gol çekdi.

Garaşylyşy ýaly, forumda senagat we maýa goýum pudaklarynda özara gatnaşyklaryň mümkinçilikleri ileri tutulýan meseleler bolar.

«LG International» we «Hyundai Engineering» koreý kompaniýalary nebitgaz senagatynyň dürli önümlerini öndürmek boýunça zawodlaryň taslamalaryny durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşlary hökmünde özlerini tanatdylar.

Meňzeş täzelikler

2014