Owganystanyň Prezidenti Aşraf Gani Türkmenistana resmi sapar bilen geler

Geljek hepdede Owganystanyň Prezidenti Aşraf Gani resmi sapar bilen Türkmenistana geler. Resmi sapara taýýarlyk barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow anna güni geçirilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda döwletara gatnaşyklary täze many-mazmuna eýe boldy. Elektrik energiýasynyň we suwuklandyrylan gazyň ýeňillikli bahadan iberilmegi, Owganystanyň çäginde durmuş maksatly desgalaryň, hususan-da, saglygy goraýyş we bilim edaralarynyň gurulmagy, işgärleri taýýarlamakda ýardam berilmegi, ynsanperwer ýükleriniň yzygiderli ugradylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmen Lideriniň başlangyjy bilen giň gerimli düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegi muňa ýardam edýär. Şolaryň hatarynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň gurulmagy, ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegi bilen baglanyşykly taslamalar bar.

Nobatdaky ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikleriň netijeleri boýunça ileri tutulýan ugurlarda özara bähbitli türkmen-owgan hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmaga we giňeltmäge gönükdirilen möhüm resminamalaryň birnäçesine gol çekmek göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki döwürde Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky gatnaşyklaryň örän işjeňleşendigini hem-de hil taýdan täze derejä çykandygyny nygtady.

Türkmenistan Owganystandaky ýagdaýy diňe parahatçylykly syýasy-diplomatik serişdeler arkaly kadalaşdyrmak barada çykyş etmek bilen, owgan ykdysadyýetini we durmuş düzümini dikeltmäge gönükdirilen anyk ädimleri ädýär — diýip Prezident belledi.

TOPH taslamasynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi ählumumy energetika howpsuzlygynyň häzirki zaman binýadyny döretmäge saldamly goşant bolar we goňşy döwletde wajyp durmuş meselelerini, şol sanda täze iş orunlaryny döretmek meselesini çözmäge ýardam eder.

Ägirt uly kuwwata eýe bolan ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk hem möhüm ähmiýete eýedir. Geljekde munuň özi Owganystana sebit we halkara möçberinde ulag-üstaşyr gatnawlar ulgamyna birikmegine mümkinçilik berer hem-de dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň ulgamyna goşulyşmagyna ýardam eder.

Türkmen Lideri Türkmenistanyň parahatçylyga we ylalaşyga ymtylmak babatda doganlyk owgan halkyna raýdaşlyk bildirmek bilen, mundan beýläk hem hemmetaraplaýyn goldaw we zerur bolan ynsanperwer kömegini berjekdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer, daşary işler ministrine Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň resmi saparyna ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görülmegini üpjün etmek babatda degişli tabşyryklary berdi.

 

Meňzeş täzelikler

2014