Nebit gymmatlaýar: «Brent» - $64,98, «WTI» - $54,72

Nebitiň dünýä boýunça bahalary ýokarlanýar. OPEC ýurtlarynda nebitiň çykarylyşynyň pese düşmegi netijesinde «Brent» söwda belgili nebitiň bahasy 2018-nji ýylyň güýzünden bäri iň ýokary derejesinde saklanýar.

Moskwa wagty bilen 7:44-de «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,63 göterim ýokarlanyp, 64,98 amerikan dollaryna deň boldy. Anna güni bu görkeziji barreli üçin 65 dollara deň bolupdy, bu bolsa 2018-nji ýylyň 20-nji noýabryndan bäri maksimal derejedir. «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 0,57 göterim gymmatlap, 54,72 amerikan dollaryna barabar boldy.

Söwda gatnaşyjylar OPEC ýurtlary tarapyndan nebit çykarylyşynyň çäklendirilendigi hakynda neşir edilen maglumatlary peýdalanmagyny dowam edýärler. Şeýlelik bilen, Halkara energetika agentliginiň (HEA) maglumatlaryna görä, ýanwar aýynda OPEC-iň gündelik nebit çykaryşy dört ýyldaky iň aşak derejesine — günde 30,83 mln barrele düşdi. Umuman, OPEC ýanwar aýynda nebitiň çykarylyşyny dekabrdaky derejä günde 930 müň barrele çenli çäklendirdi. OPEC-iň özüniň berýän maglumatlaryna görä, gurama Saud Arabystanynda, BAE-de, Kuweýtde we Angolada nebitiň çykarylyşynyň pese düşmeginiň hasabyna, ýanwar aýynda nebitiň çylarylyşyny aýlyk aňlatmada günde 797 müň barrele çenli azaldyp, günde 30,81 mln barrele ýetdi.

Mundan başga-da, ABŞ tarapyndan Wenesuela bilen Eýran babatdaky çäklendirmeleri sebäpli bu iki döwletiň nebit eksporty kynçyllykly ýagdaýda durýar. Bu şertler maýadarlaryň nebit bazarynda teklibiň artmagy bilen bagly howatyrlanmalarynyň ýatyşmagyna ýardam edýär, diýip Ria Nowosti habar berýär.

«Bank of America Merrill Lynch-iň» analitikleriniň pikirine görä, «Brent» söwda belgili nebitiň barreliniň bahasy 2019-njy ýylda ortaça 70 dollara deň bolar. Muňa OPEC döwletleriniň ibermeleri meýletin (Saud Arabystany, Kuweýt, BAE) we meýletin däl (Wenesuela, Eýran) çäklendirmeleri ýardam edýär» diýip Reýter belleýär.

 

Meňzeş täzelikler

2014