Owganystanda «TOPH taslamasynyň ähmiýeti» atly halkara maslahat geçirilýär

25-nji aprelde Owganystanyň günbatarynda ýerleşýän Hyrat welaýatynyň adybir Hyrat şäheriniň administratiw merkezinde «TOPH taslamasynyň ähmiýeti» atly halkara maslahat öz işine başlady, diýip INTERFAKS habarlar agentligi Kabuldan habar berýär.

Guramaçylarynyň maglumatlaryna görä, maslahatyň işine Owganystanyň we Türkmenistanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlary Halyl Karzaý we Wepa Hajyýew, Owganystanyň dag magdanlary senagaty ministriniň orunbasary Abdul Hamidi, Türkmenistanyň, Hindistanyň, Päkistanyň, Eýranyň Hyratdaky wekilhanalarynyň maslahatçylary, UNAMA (Owganystana kömek bermek boýunça BMG-niň maksatnamasy —IF), taýpalaryň ýaşululary gatnaşdylar.

Maslahaty açmak bilen, Hyratyň häkimi Mohammad Asif Rahimi TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilip ugralmagynyň Owganystanda başga-da onlarça taslamalaryň badalga almagyna getirendigini ýatlatdy. Şeýle hem, ol TOPH taslamasynyň onlarça ýyllap kagyz ýüzünde ýatandygyny, bu günki gün bolsa Türkmenistan, Hindistan we Päkistan tarapyndan ony iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça ygtybarly çäreleriň görülýändigi hakynda belläp geçdi.

Hyratyň häkimi, şeýle hem, diňe bir ykdysady jähtden däl, eýsem ýurtda howpsuzlygy gazanmakda möhüm ähmiýete eýe bolan TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilmeginde owgan halkynyň çuňňur gyzyklanma bildirýändigini belläp geçdi.

TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň geçen ýylyň 13-nji dekabrynda Mary welaýatynda Türkmenistanyň, Owganystanyň, Päkistanyň we Hindistanyň döwlet baştutanlarynyň gatnaşmagynda badalga alandygyny agentlik ýatlap geçýär. Gaz geçiriji 2019-njy ýylyň dekabrynda gurlup tamamlanar.

Owganystanda gaz geçiriji Hyrat, Farah, Gilmend we Kandagar welaýatlarynyň çäklerinde geçip, Päkistana we Hindistana çykarylar. Gaz geçirijiniň ýyllyk kuwwaty 33 mlrd kub metr, ýa-da her günde 90 million kub metr gaz deňdir. Şonuň her günde 14 million kub metri Owganystana we 38 million kub metri bolsa Päkistana we Hindistana niýetlenendir.

Meňzeş täzelikler

2014