Hazar deňzi «Hazar bäşliginiň» jogapkärçilik zolagy bolmagynda galmaly — Lawrow

Hazarýaka sebiti bu ýerde bolup geçýän zatlaryň ählisine «Hazar bäşliginiň» — Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Eýranyň we Türkmenistanyň jogapkärçilik çekýän zolagy bolmagynda galmaly, diýip RF-iň DIM-niň ýolbaşçysy Sergeý Lawrow belledi.

Hazar sebitinde hazarýaka döwletleriniň ählisiniň arasynda doly derejeli hyzmatdaşlyk ösdürilýär, diýip S.Lawrow Astrahan welaýatynyň gubernatorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Sergeý Morozow bilen geçiren duşuşygynyň barşynda belledi. Bu barada Ria Nowosti habar berýär.

S.Lawrow şeýle hem Azerbaýjany, Eýrany, Gazagystany we Türkmenistany Russiýanyň hoşniýetli daşary syýasat hyzmatdaşlary hökmünde belledi.

«Hazar sebitiniň, Konwensiýada göz öňünde tutulyşy ýaly, «Hazar bäşliginiň» jogapkärçilik çekýän zolagy bolmagynda galmagy biziň üçin örän möhüm» diýip ministr belledi.

Köp ýyllyk gepleşiklerden soňra Gazagystanyň Aktau şäherinde geçirilen Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň V sammitinde Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýa gol çekildi. Sammitde eden çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, «Hazar deňzi hemişe parahatçylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň, özara düşünişmegiň we ynamyň zolagy bolmagynda galmaly we bu ýerdäki ähli meseleleri diňe parahatçylyk, gepleşikleriň üsti bilen çözmeli».

Meňzeş täzelikler

2014