Türkmenistan dünýäniň has tiz ösýän döwletleriniň hataryna girdi

Türkmenistan dünýäniň durnukly we tiz depginli ösýän, şeýle hem bütindünýä ykdysady ösüşiniň durnukly depgininden öňde barýan 18 döwletiniň birine öwrüldi. Muňa halkara konsalting firmasynyň şahamçasy bolan «McKinsey Global Institute» bilermenleri tarapyndan geçirilen barlaglar şaýatlyk edýär.

Geçirilen barlaglarda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Hytaý, Singapur, Koreýa Respublikasy bilen bir hatarda dünýäniň has tiz ösýän döwletleriniň sanawyna girdi.

Sanawa giren döwletleriň ykdysadyýetiniň has tiz depgin bilen ösmegine täsir eden esasy şertleriň hatarynda bilermenler bu ösüşi goldamaga gönükdirilen maksada okgunly döwlet syýasatyny — bäsdeşligi höweslendirmekligi, şeýle hem iri kompaniýalaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaklygy belledi.

Häzirki wagtda Türkmenistanda ýurduň eksportynyň esasy bölegini üpjün edýän «Türkmengaz», «Türkmennebit», «Türkmenhimiýa» we şuňa meňzeş sebitde iri döwlet konsernleri hereket edýär. Hususy ulgamyň kärhanalary hem ýokary depginlerde ösýär.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady ösüşine baha berip, «McKinsey-niň» bilermenleriniň bellemegine görä, Türkmenistan dünýädäki maliýa çökgünlige garamazdan, sebitde ykdysadyýetiniň ösüşiniň haýallamagyna sezewar bolmadyk döwletleriň biridir.

Bilermenleriň şeýle hem belleýşi ýaly, umuman, Merkezi Aziýa döwletlerine diňe çig mal serişdelerini satyp, ýokary goşulan bahaly harytlaryň önümçiliginiň diwersifikasiýasyndan el çekip önümçiligi gurnamakdan gaça durmak başartdy.

Şu nukdaýnazardan Türkmenistan diňe bir nebitgaz ulgamyny ösdürmek bilen çäklenmän, eýsem, milli ykdysadyýeti hem ýokary depginler bilen diwersifikasiýalaşdyrýar. Ýurtda elektroenergetika, gurluşyk, ýeňil senagat işjeň ösdürilýär. Ol ýerlerde müňlerçe täze iş orunlary döredilýär.

 

Meňzeş täzelikler

2014