Türkmenistanyň deňiz serhetçileri Hazarda rus tankerinde ýüze çykan ýangyny söndürmäge kömek etdiler

«23-nji aprelde ir bilen Türkmenistanyň deňiz serhetçileri Hazar deňziniň türkmen çäklerinde ýerleşýän Russiýanyň “PALFLOT 2” tankerinde emele gelen ýangyn barada eşidilen ilkinji minutlardan Türkmenistanyň degişli döwlet edaralary we guramalary tarapyndan heläkçilige uçran rus gämisine ähli zerur kömekleri bermek üçin degişli çäreler görüldi» diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Şeýle hem, şol ýerden uzakda bolmadyk we döwlet serhetlerini goramak wezipesini ýerine ýetirip ýören iki sany deňiz serhetçi gämisi ýangyny söndürmek maksady bilen betbagtçylyk bolan zolaga gönükdirildi. Tankeriň ekipažyny halas etmek işine ýardam bermek maksady bilen Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ýörite uçary iberildi.

DIM-iň pres-gullugynyň habar bermegine görä, şol gün Türkmenistanyň bilen Russiýanyň gulluklarynyň arasynda diplomatiki gepleşikler bolup geçdi. Gepleşikleriň barşynda taraplar Hazaryň türkmen bölegindäki ýüze çykan adatdan daşary ýagdaý dogrusynda bar bolan maglumatlar we heläkçiligiň ýetiren zyýanynyň öwezini dolmagyň çäreleri hakynda pikir alyşdylar. Şonuň bilen bir hatarda, ýokarda agzalan ýagdaý boýunça rus tarapyna islendik goşmaça kömegi bermäge taýýardygy hakynda türkmen tarapy nygtap geçdi.

«PALFLOT 2» rus tankeri Hazar deňziniň bitarap çäklerinde ýerleşýärdi. Rostow oblastynyň Taganrog şäheriniň deňiz menziline degişli tanker ýangyn ýüze çykan mahalynda türkmen kenarlaryndan 90 kilometrlikde ýerleşýärdi.

Degişli gulluklaryň maglumatyna görä, tankeriň ekipažynyň agzalaryny Russiýanyň şu golaýdan barýan gämisi öz bortuna aldy. Tanker
Bakuwdan bellenilen porta tarap barýan eken, onuň bortunda hiç hili ýük, nebit ýok. Bu bolsa ýangynyň daşky gurşawa howp salmaýandygyny aňladýar.
«PALFLOT 2» tankeri yzyna, Baku şäheriniň portuna tarap tirkege alyndy. Halas edilen ekipažyň agzalary Astrahan şäherine ugradyldy.

Meňzeş täzelikler

2014