Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi

21-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi, oňa welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem çagyryldy. Mejlisde döwlet durmuşyna degişli birnäçe möhüm meseleleriň we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýew Ahal welaýatynda tebigy gazy gaýtadan işläp, sintetik suwuk ýangyjy öndürýän zawodyň düýbüni tutmak dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Täze senagat toplumy her ýylda 3,7 milliard kub metr tebigy gazy gaýtadan işlemäge we 1,1 million tonna dizel ýangyjyny hem-de 400 müň tonna göni arassalaýyşdan geçirilen benzini öndürmäge niýetlenendir.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, bu taslamany "Türkmengaz" döwlet konserni bilen konsorsiumyň düzümine girýän Koreýa Respublikasynyň "LG International Corp.", "Hyundai Engineering Co, Ltd" we Ýaponiýanyň "Itochu Corporation" kompaniýalary bilelikde amala aşyrarlar.

Şeýle hem wise-premýer "Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan" gaz geçirijisiniň 214 kilometrlik türkmen böleginiň gurluşygynyň barşy barada habar berdi. 0l ýerde ähli işler tassyklanan tertipnama laýyklykda alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dünýäniň iri energetika döwletleriniň hataryna girýän ýurdumyzyň baý tebigy serişdelerini netijeli hem-de rejeli peýdalanmak Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar diýip nygtady. Şunuň bilen baglylykda, gazy gaýtadan işleýän pudaga möhüm orun degişlidir. Onuň yzygiderli ösüşi sebitleri toplumlaýyn senagatlaşdyrmak, millii ykdysadyýetimizi köpugurly esasda ösdürmek, dünýä bazarlarynda isleg bildirilýän harytlaryň mukdaryny artdyrmak boýunça öňde durýan wezipeleriň oňyn çözgüdine gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýere Ahal welaýatynda guruljak täze iri maýa goýum taslamasynyň durmuşa geçirilmegi, zawodyň döwrebap tehnologiýalar we enjamlar bilen üpjün edilmegi boýunça ähli meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Milli liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bu senagat toplumy daşky gurşaw üçin howpsuzlygyň ähli talaplaryna gabat gelmelidir.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz TOPH gaz geçirijisiniň we täze energetika ugrunyň serişde binýady bolup hyzmat etjek "Galkynyş" gaz känini özleşdirmegiň üçünji tapgyryndaky desgalaryň gurluşygy bilen baglanyşykly meseleleri ünsden düşürmeli däldigini aýratyn belledi.

Mejlisde garalan beýleki meseleleriň hatarynda dokma önümleriniň öndürilişini artdyrmak, elektroenergetikany has-da ösdürmek, 19-20-nji aprelde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Halkara telekeçiler maslahatynyň jemleri, maý aýynda bellenilýän baýramçylyklar - Ýeňiş güni, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni, Türkmen halysynyň baýramy, Aşgabat şäheriniň güni hem-de soňky jaň dabarasy mynasybetli geçiriljek çärelere, şeýle hem 5-nji maýda – Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 500 gün galanda badalga beriljek atly ýörişe görülýän taýýarlyk bilen bagly meseleler boldy. Habar berlişi ýaly, Aziada-2017-ä taýýarlyk görmegiň çäklerinde Awtomobil ulaglary ministrligi üçin täze awtobuslar we taksiler satyn alynar.

Saud Arabystany Patyşalygy bilen däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryny ösdürmek, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň bu ýurda boljak resmi saparyna taýýarlyk görmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda,  welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimlikleri, Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň edarasy 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň 71 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryna, şeýle hem uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan 200 manat möçberde pul sowgadyny hem-de gymmat bahaly sowgatlary dabaraly ýagdaýda  gowşurmaga borçly edildi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. 

Meňzeş täzelikler

2014