Halkara gaz kongresi «Awazada» 30-a golaý döwletiň wekillerini jemlär

2016-njy ýylyň 20-21-nji maýynda «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda VII halkara gaz kongresiniň başlanmagyna bir aýdan hem az wagt galdy. Forumyň guramaçysy hökmünde «Türkmengaz» Döwlet konserni çykyş edýär. Bu foruma dünýäniň 30 döwletinden 400-e golaý wekiliň gatnaşmagyna garaşylýar.

Her ýylda geçirilýän gaz kongresi iri nebitgaz kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryna, nebitgaz pudagynyň wekillerine we hünärmenlerine Türkmenistanyň gaz senagatynyň ösüşiniň möhüm ugurlaryny, sebitde möhüm ähmiýetli taslamalary we maýa goýum mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin amatly meýdança bolup durýar.

Maý aýynda geçiriljek gaz forumynyň gün tertibinde dünýäniň gaz senagatynda Türkmenistanyň orny; ýurduň gaz gorlaryny ýerlikli özleşdirmek; känleri barlamagyň we özleşdirmegiň innowasion usullary we maýa goýum mümkinçilikleri; «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň nobatdaky tapgyry; Türkmenistanyň gaz-ulag infrastrukturasyny ösdürmekde maýa goýum mümkinçilikleri we halkara hyzmatdaşlyk; türkmen tebigy gazyny monetizasiýalaşdyrmak we maýa goýumlary üçin möhüm ugurlar ýaly meselelere seredilip geçiler.

Gaz kongresiniň çäklerinde türkmen tebigy gazyny dünýä bazarlaryna çykarmagyň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaklyga gönükdirilen iri infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmeklige bagyşlanan meseleler boýunça «tegelek stol» geçiriler. Şu nukdaýnazarda gürrüň geçen ýylyň ahyrynda ulanyşa girizilen «Gündogar-Günbatar» magistral gaz geçirijisiniň wezipesi, türkmen energiýa göterijileriniň Günorta Aziýa sebitlerine ýykmagyny üpjün etjek «Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan» (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygy, şeýle hem, «mawy ýangyjy» Türkmenistandan Ýewropa tarap çykarmagyň mümkinçilikleri barada bolar.

Foruma gatnaşyjy daşary ýurtly wekiller Türkmenistanyň gazy gaýtadan işleýiş pudagyndaky iri taslamalar hem-de bu ulgam üçin iň täze tehnologiýalar we oýlap tapyşlar ýaly temalaryň üstünde durup geçerler.

Forumyň çäklerinde, şeýle hem, daşary ýurtly işewürler bilen Türkmenistanyň nebitgaz edaralarynyň wekilleriniň arasynda işjeň duşuşyklar meýilleşdirilýär.

Häzirki wagtda Türkmenistan Hazar we Merkezi Aziýa sebitleriniň energetiki bazarynda möhüm orun eýeleýär. Ýurtda her ýylda 70-80 mlrd kub metr gaz çykarylýar.

Türkmenistanyň tebigy gazynyň ätiýaçlyk gory 24,3 trillion kub metr möçberde subut  edildi. Bu bolsa, Türkmenistany dünýäde 4-nji orunda goýýar.

Meňzeş täzelikler

2014