Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy üçin — innowasiýalar we häzirki zaman tehnologiýalary

19-njy aprelde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde ýurduň nebitgaz pudagyna innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaklyga bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahat milli ykdysadyýetimiziň strategiki pudaklarynyň biri bolan ýangyç-energetika toplumyndaky ylmy we amaly barlaglary tejribede ornaşdyrmaklyga gönükdirildi.

Maslahatyň işine Tehnologiýalar merkeziniň, Türkmenistanyň nebitgaz ministrliginiň hünärmenleri, Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň, Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary we talyplary, «Türkmengaz» Döwlet konserniniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatda ýaňlanan çykyşlar geografiki maglumat ulgamlarynyň (GMU) köpugurlylygyna, ähmiýetine we olary nebitgaz pudagynda peýdalanmagyň mümkinçiliklerine bagyşlandy. Şunuň bilen bir hatarda, GMU-tehnologiýalaryny ýangyç-energetika toplumynyň dürli amaly ulgamlarynda peýdalanmaklyga aýratyn üns çekildi. Şol ulgamlara — uglewodorodlaryň geologiki razwedkasy we çykarylyşy, guýulardan peýdalanmak we olary gaýtadan dikeltmek, tehnogen ýagdaýlary tiz çaklamak, ýerleri modelirlemek we onuň ýetiren ýitgileriniň öwezini dolmak, uzakda ýerleşen nebitgaz desgalarynyň ulanyş hiline we ýagdaýyna gözegçilik etmek, turba geçirijileri dolandyrmak we geljekde guruljak energetiki geçelgeleri taslamak, öwrenilýän desgalary kartografirlemek degişlidir.

Maslahatda ýokarky ýyllarda bilim alýan talyp ýaşlara berlen ulgamlarda geçiren ilkinji özbaşdak ylmy-barlaglarynyň netijeleri boýunça çykyş etmeklerine mümkinçiligiň döredilendigi aýratyn nygtarlyklydyr. Olaryň çykyşlary ýurduň gaz guýularynyň interaktiw kartasyny döretmek, gaz-ulag logistikasynyň dürli aspektleri, TOPH halkara gaz geçiriji ulgamy dolandyrmak we oňa hyzmat etmek boýunça geografiki maglumat ulgamyny döretmek ýaly häzirki döwrüň möhüm melelerine bagyşlandy.

Maslahata gatnaşyjylaryň belläp geçişi ýaly, ýurduň nebitgaz ulgamynyň ösüşiniň häzirki ýagdaýy känleriň ätiýaçlyk gory baradaky doly maglumat berýän ýörite enjamly we ýokary takyk görkezijili «intellektual» guýulary ulanmaga mümkinçilik berýär. Innowasiýalary ornaşdyrmakda ileri tutulýan möhüm ugurlaryň hatarynda nebitgaz meýdançalaryny distansion (uzak aralykdan) zondirlemek, Türkmenistanyň tehnosferasyna aerokosmiki monitoringi amala aşyrmak, kosmosdan düşürilen suratlary önümçilikde peýdalanmak ýaly ugurlary agzap geçmek bolar.

Maslahatda hödürlenilen ylmy we amaly barlaglaryň aglaba bölegi ylmy-tehniki ösüşiň depginini güýçlendirmäge, dürli desgalaryň we gurluşlaryň ygtybarlylygyny hem-de tygşytlylygyny ýokarlandyrmaga, hojalyk desgalaryny peýdalanmagyň has täsirli mehanizmlerini işläp düzmäge, şeýle hem, daşky gurşawyň ekologiki ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirildi.

Meňzeş täzelikler

2014