Altyguýy käninde buraw işleriniň depgini ýokarlandyrylýar

Birinji çärýegiň jemleri boýunça «Türkmennebit» Döwlet konserniniň Körpeje müdirliginiň işgärleri Balkan welaýatyndaky Altyguýy käniniň möhüm ähmiýetli meýdanlarynda meýilnama boýunça meýilleşdirilen gözleg-barlag we ulanyş guýularyny burawlamak işlerini artygy bilen ýerine ýetirdiler.

«Türkmennebit» DK-nyň Körpeje müdirliginiň habar bermegine görä, meýilnama boýunça 15 müň 401 metr meýdanda gözleg-barlag we ulanyş guýularyny burawlamak meýilleşdirilenliginde buraw müdirliginiň tejribeli hünärmenleri bellenilen wagtdan has öňde 22 müň 796 metr meýdanda buraw işlerini geçirdiler. Bu bolsa, meýilleşdirilen işleriň 148 göterimine deňdir.

Şeýlelikde, bellenilen aňrybaş çuňluk 7 müň 395 metre deň boldy. Bu bolsa, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde 1184 metr artykdyr. Ulanyş boýunça guýulary özleşdirmek 100% ýerine ýetirildi, şonuň bilen bir hatarda ösüş depgini 160% göterime deň boldy.

Buraw işleriniň şeýle ýokary görkezijileri köp babatda HHR-de öndürilen täze, kuwwatly buraw enjamlaryndan ýerlikli peýdalanylmagy netijesinde mümkin boldy. «Türkmennebit» Döwlet konserniniň bölümleri şeýle enjamlar bilen yzygiderli üpjün edilýär.

Meňzeş täzelikler

2014