Ýylyň birinji çärýegi boýunça Merkezi Aziýadan Hytaýa iberilýän gazyň möçberi 33% artdy

«Merkezi Aziýa-Hytaý» gaz geçirijisiniň üsti bilen HHR-e iberilýän tebigy gazyň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, şu ýylyň birinji çärýegi boýunça 33% artdy we 10,6 mlrd kub metre barabar boldy, diýip ИНТЕРФАКС agentligi «Sinhua» (HHR) habarlar agentligine salgylanyp habar berýär.

Türkmenistandan başlanýan bu gaz geçirijisi Özbegistanyň, Gazagystanyň we HHR-yň çäklerinden geçýär.

«Sinhuanyň» nygtaýşy ýaly, «Merkezi Aziýa-Hytaý» gaz geçirijisi Hytaýda ilkinji transmilli gaz geçirijidir. Häzirki wagtda çenli A, B we С ugurlar ulanyşa girizildi. Olaryň umumy geçirijilik kuwwaty ýylda 55 mlrd kub metre barabardyr.

2014-nji ýylyň sentýabrynda D ugruň gurluşygy başlandy, oňa goýlan maliýe goýumlary bolsa 6,7 mlrd dollar möçberinde bahalandyrylýar. Taslamany 2020-nji ýylyň ahyryna çenli tamamlamak meýilleşdirilýär.

Şeýle hem, «Merkezi Aziýa-Hytaý» gaz geçirijisi ulanyşa girizileni bäri, 2009-njy ýylyň dekabryndan 2016-njy ýylyň martynyň ahyryna çenli döwürde üç ugur boýunça Hytaýa umumylykda alanyňda 140 mlrd kub metr gazyň iberilendigi barada habar berilýär.

Meňzeş täzelikler

2014