Benziniň ýerine suwuklandyrylan gaz

Şu ýyl Türkmenistanda suwuklandyrylan gazyň 450 müň tonna golaýy işlenip çykarylar. Häzir bu gymmatly çig mal Naýyp ýataklar toparynda desganyň tehnologik ulgamlarynyň üçüsinde  we Bagaja ýatagynda desganyň tehnologik ulgamlarynyň ikisinde öndürilýär. Önümiň umumy mukdarynyň agramly bölegini – 340 müň tonna ýangyjy şu ýyl Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürmek meýilleşdirildi.  

Suwuklandyrylan gaz uly islege eýe bolup durýar. Her ýyl suwuklandyrylan gazyň 230-260 müň tonnasyny Ermenistan, Gruziýa, Eýran, Owganystan, Täjigistan we Päkistan ýaly ýurtlar satyn alýarlar. Harytlyk gazyň bir bölegi içerki bazara gelip gowuşýar, bu ýerde “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Türkmengazüpjünçilik” birleşigi hem-de Türkmenbaşydaky ÝEM esasy sarp edijiler bolup durýar, gazyň galan bölegi polipropilen we ýokary oktanly benzin öndürmek üçin TNGIZT-de ulanylýar.  

Suwuklandyrylan uglewodorod gaz durmuş hajatlary, senagat önümçiligi üçin ýokary hilli ýangyç, birinji derejeli motor ýangyjy, himiýa senagaty üçin gymmatly çig mal bolup durýar. Gazyň ýangyjyň beýleki görnüşlerinden artykmaçlygy onuň suwuk ýangyç görnüşinde daşalmagynda we saklanmagynda jemlenýär, ýananda bolsa netijeli, gaz ýaly ýanýar. Propan – butanyň ýeterlik mukdaryna eýe bolan tebigy gaz ýataklarynda suwuklandyrylan gaz öndürýän desgany gurmak bähbitli bolýar.      

- Bilermenleriň pikirine görä, dünýäde suwuklandyrylan gazyň öndürilişi tiz ýokarlanar – diýip, “Türkmengaz” döwlet konserniniň Nebit we gaz institutynyň Gazy gaýtadan işleýän bölüminiň müdiri, tehniki ylymlaryň doktory, professor Annamyrat Aşyrow hasaplaýar. – Häzir suwuklandyrylan gazy Indoneziýa, Alžir, Malaýziýa, Katar ýaly ýurtlar ugradýan bolsa, ony Ýaponiýa we Günorta Koreýa, şeýle hem Fransiýa we Ispaniýa ýaly ýurtlar satyn alýarlar. Şolar we beýleki ýurtlar bir ýylda gazyň 220 million tonnadan gowragyny sarp edýärler.       

Soňky ýyllarda dünýäde motor ýangyjy hökmünde ulanylýan suwuklandyrylan gazlaryň paýy artyp başlady. Ýangyjyň artykmaçlyklary: ýanmasynyň ýokary temperaturasy we ýokary oktan sany (100-105) adaty benzin bilen deňeşdireniňde çykýan gazlary bolan zäherli maddalaryň ep-esli az zyňylmagy. Bu – örän uly sarp ediş bazary (bir ýylda 2,5 milliard tonna) bolup, onda suwuklandyrylan gaz möhüm orun eýeläp biler.   

Suwuklandyrylan gazyň ulanylmagy nebit serişdelerini tygşytlamaga, onuň önümçiligi bolsa, çig malyň fiziki-himiki taýdan çuňňur gaýtadan işlenmegini talap etmeýär we diňe tebigy gazyň gaýtadan işlenmegi bilen bagly bolmaýar. Bu ýagdaý köp ýurtlara suwuklandyrylan gaza benziniň we dizel ýangyjynyň oruntutary hökmünde garamaga mümkinçilik berýär. Gaz motor ýangyjyny ulanmak üçin adaty benzin we dizel hereketlendirijileri ýaramly edilip bilner. Gaz awtoulaglara merkezleşdirilen sorujylary ulanmak bilen stasionar ýöriteleşdirilen ýangyç guýujy beketlerde guýulýar. Şonda awtoulaglar goşa örtükli howpsuz izotermiki – adaty uglerod polatdan we içerki legirlenen polatdan ýasalan  ballonlar bilen üpjün edilýär. Içerki perde gyzgyn serpikdiriji folga bilen örtülýär, perdeleriň arasyndaky boşlukda bolsa, wakuum döredilýär, ol suwuklandyrylan gazy ýitgisiz diýen ýaly saklamaga mümkinçilik berýär. 

Motor ýangyjyny almagyň çeşmesi hökmünde tebigy gazy nebite çalyşmagyň bähbitli boljaklygyny şu mysaldan hem görmek bolýar, bir ýylda nebitden benziniň 3,6 million tonnasyny almak üçin çig nebitiň azyndan 5 million tonnasynyň çuňňur (70 % çenli) çylşyrymly fiziki-himiki usul arkaly gaýtadan işlenmegini talap edýär, emma sintetiki gaz motor ýangyjynyň şol mukdaryny bir ýylda tebigy gazyň 5 milliard kubmetrini pes temperaturada gaýtadan işlemek arkaly almak bolýar. Başgaça aýdanyňda, motor ýangyjyny almagyň çeşmesi hökmünde tebigy gazyň 1000 kubmetri çig nebitiň bir tonnasyny çalyşyp bilýär. Elbetde, tebigy gazyň suwuklandyrylan görnüşe geçirilmegi biziň ýurdumyz üçin geljegi uly tehnologiýalaryň biri bolup durýar, olar gazy dünýäniň barmasy kyn ýerlerine we sebitlerine ibermäge mümkiçilik döredýär.         

- Hazaryň nebitgazly ýataklarynyň giňden özleşdirilmegi, Gündogar-Günbatar baş gazgeçirijiniň ulanmaga berilmegi we iri deňiz portunyň bina edilmegi Hazaryň kenarynda suwuklandyrylan tebigy gazy öndürýän desgany hem-de STG saklamak we ugratmak üçin terminaly gurmaga uly itergi berer – diýip alym hasaplaýar. – Suwuklandyrylan gazyň benzin ýerine motor ýangyjy hökmünde ulanylmagy ýangyjyň bu görnüşini öndürmek we ulanmak hem-de nebiti we nebit önümlerini tygşytlamak üçin uly şert döreder. Bu bolsa, öz nobatynda dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän önümiň daşary ýurtlara iberilýän möçberini ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berer.

Meňzeş täzelikler

2014