«Daşoguznebitgazgurluşyk» trestiniň maksady — ilata ýylylyk we eşret paýlamak

«Türkmennebitgazgurluşyk» Döwlet konserniniň düzümine girýän «Daşoguznebitgazgurluşyk» trestiniň işgärleri şu ýylyň birinji çärýeginde meýilleşdirilen işleri üstünlikli amala aşyrdylar. Trestiniň tejribeli gurluşykçylarynyň gurýan desgalarynyň hatarynda ýaşaýyş-hojalyk, sagaldyş, sport we medeni maksatly desgalar, şol sanda guramalaryň we kärhanalaryň administratiw binalary bar. Bu bolsa öz gezeginde bu gurluşyk bölüminiň alyp barýan işiniň köptaraplydygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Häzirki wagtda trestiň gurluşyk-gurnama bölümleri, 2016-njy ýylda GDA döwletleriniň medeni paýtagty diýlip yglan edilen, Daşoguz şäherinde köpsanly ak mermerli binalary gurmak boýunça uly göwrümli işleri alyp barýarlar.

Trestiň gurluşykçylarynyň gurýan desgalarynyň hatarynda Daşoguz welaýatynyň we şäheriniň Döwlet salgyt gullugynyň üç gatly dolandyryş binasyny agzap geçmek bolar. Häzirki wagtda bu ýerde awtoulaglary goýmak üçin ýörite duralganyň, suwa düşülýän howzuň gurluşyk işleri, ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmak we yşyklandyrmak işleri tamamlanyp barýar. Şol işler gutarnykly tamamlanansoň, desgany ulanyşa girizmek meýilleşdirilýär.

Häzirki wagtda «Daşoguznebitgazgurluşyk» trestiniň gurluşykçylary «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde Türkmenistanyň ähli künjeklerindäki desgalaryň gurluşyk işlerine işjeň gatnaşýarlar. Şonuň bilen bir hatarda, şäherlerde, obalarda we welaýatlarda, şeýle hem, gaýtadan döredilýän hojalyklarda gurulýan desgalary gaz bilen üpjün etmek boýunça işler ýokary depginde alnyp barylýar. Hususan-da, trestiň gurluşyk-gurnama bölümleri welaýatyň Saparmyrat Türkmenbaşy, Köneürgenç, Ruhubelent we Gubadag etraplarynda şular ýaly işleri alyp barýarlar.

Türkmenistanyň «Döwlet adam üçindir!» diýlen jümlede jemlenen döwlet syýasatynyň esasy hem wajyp ugurlarynyň biri hem ilatyň ýokary derejede ýaşaýyş-durmuşyny üpjün etmek bolup durýar. Hut şonuň üçin hem şu günki gün welaýat merkezlerinde uzakda ýerleşen ilatly nokatlar ýaşaýyş üçin ýaramlylygy boýunça şäherlerden yza galanok. Olar üçin häzirki zaman durmuş-hojalyk infrastrukturasyny döretmekde bolsa «Daşoguznebitgazgurluşyk» trestiniň tejribeli hünärmenleriniň görnükli goşandy bardyr.

Meňzeş täzelikler

2014