Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 43-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden,Owganystandan we beýleki döwletlerden gelen işewürler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen dizel ýangyjyny we az kükürtli ýangyç mazudyny, şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen agyr wakumly gazoýly satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna arassalanan pagta ýagy, nah ýüplük, pagta süýümi ýerlenildi. Olary Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, BAE-den, Maltadan, Singapurdan, Türkiýeden, Azerbaýjandan, Ermenistandan we beýleki ýurtlar satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 73 million 871 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Şweýsariýanyň, BAE-niň, Slowakiýanyň, Türkiýäniň, Pakistanyň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 3 million 652 müň manatdan gowrak bolan nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 12 million 320 müň manatdan gowrak bolan polipropileni (TNGIZT) we azyklyk bugdaýy satyn aldylar.

Meňzeş täzelikler

2014