Rasim Weliýew, «SOCAR» kompaniýasynyň bölüm başlygynyň orunbasary

— Kompaniýamyzyň adyndan «OGT — 2018» forumyna gatnaşmak meniň üçin örän buýsandyryjy. Galyberse-de, bu sergide dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ekspozisiýalarynyň arasynda biziň hem pawilýonymyzyň bolmagy örän begençlidir.

Bu sergä dünýäniň dürli ýurtlaryndan meşhur kompaniýalar jemlenişipdir, olaryň ählisiniň maksady — nebitgaz pudagynda ýeten derejelerini görkezmek we Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek. Meniň pikirimçe, bu Türkmenistanyň özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin ygtybarlydygyny subut edýär.

Forumyň çäklerinde kompaniýamyza «Sergi stendiniň we mahabat materialynyň iň gowy bezegi» bäsleşiginde 4-nji orun üçin diplom gowşuryldy. Biziň zähmetimize berlen ýokary baha üçin türkmen tarapyna sagbolsun aýdýarys.

Türkmenistana men köp gelip gördüm. Kompaniýamyzyň işiniň esasy böleginiň Hazar deňzinde geçýändigi hem-de meniň Hazar şäherinde işländigimi sebäpli Türkmenistan mende ýakymly duýgulary galdyrdy.

Aşgabada her gezek gelenimde paýtagtyňyzyň näderejede ösýändigine göz ýetirýärin. Ak mermerli binalar, ýaşaýyş jaýlary gözüňi dokundyrýar.

Siziň ýurduňyzyň üstünlikleri bizi örän begendirýär. Meniň pikirimçe, biziň hyzmatdaşlygymyz uzak dowam eder. Pursatdan peýdalanyp, «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2018» halkara sergisiniň we maslahatynyň üstünlikli geçirilmegi bilen Türkmenistany gutlaýaryn.

 

Meňzeş täzelikler

2014