TNGIZT-de ýanwar-oktýabr aýlarynda önümçilik we ibermeler 48 göterimden gowrak ýokarlandy

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy (TNGIZT) 2018-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda önümçiligini we ibermelerini 48,5 göterim artdyrdy, diýip ORIENT habarlar agentligi habar berýär.

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň berýän maglumatlaryna laýyklykda, toplumda mazut önümçiligi has köp artdy. Onuň önümçiligi 27,6 göterim ýokarlandy.

TNGIZT-de öndürilýän ýokary hilli kükürdiň eksporty 2018-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda rekord derejede — 159,8 göterim artdy. Umuman alanyňda, türkmen nebit önümleriniň ibermeleri 51,1 göterim ýokarlandy. Türkmen nebit koksunyň eksporty 49,2 göterim artdy.

 

Meňzeş täzelikler

2014