Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 35-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny we binýatlyk mazudy satyn aldylar. Bulardan başga-da, Russiýa Federasiýasyndan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Pakistandan, Owganystandan, Estoniýadan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna ýokary dykyzlykdaky polietileni, reňksiz aýnany, nah ýüplük, awtoulagy satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 10 million 744 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Russiýadan, Beýik Britaniýadan, BAE-den, Şotlandiýadan, Türkiýeden, Pakistandan, Hindistandan, Ermenistandan gelen işewürler jemi bahasy 15 million 93 müň manatlykdan gowrak derman senagatynyň önümlerini hem-de nah ýüplügi we mata satyn aldylar.

 

 

Meňzeş täzelikler

2014