«Turkmen Petroleum» türkmen ykdysadyýetiniň nebitgaz pudagynyň iň täze gazananlaryny hödürledi

2016-njy ýylyň 14-15-nji aprelinde Sankt-Peterburgda suwuklandyrylan gaz boýunça «Argus LPG - 2016» atly 11-nji halkara maslahat bolup geçdi. Maslahatyň işine dünýäniň 30 döwletinden, şol sanda, Gündogar we Günbatar Ýewropadan, Hazar sebitlerinde, Ýakyn Gündogar ýurtlaryndan we GDA döwletlerinden 250-den gowrak wekil gatnaşdy. Suwuklandyrylan gazyň Bütindünýä Birleşiginiň, Primagaz Central Europe, Sibur, V-gas Bulgaria, Белорусьнефть, Импекснефтехим, Sibir gaz kompaniýasynyň, Газпромтранс, Ukrain energetiki biržalaryň, «Парк хранения сжиженного газа» kompaniýalarynyň, Maddox, Tesla, SVG Plus, Сибур-Петрокон, SHV Gas Supply & Risk Management, Уфаоргсинтез, Incomp Trading, Pudagara nebitgazhimiýa kompaniýalarynyň, Новатэк, MET Petroleum AG, Itochu Corporation, Orlen Paliwa, Total, Сургутнефтегаз, Trans-Oil, Coral Energy, «Надежда» Kompaniýasynyň, Grand, Sfaýros we beýlekileriň wekilleri maslahata gatnaşdylar we doklad bilen çykyş etdiler.

Bu maslahat GDA we Ýewropa ýurtlarynyň LPG (suwuklandyrylan gaz) bazarlary babatda maglumatlary almak, şeýle hem, gepleşikleri geçirmek, geleşikleri baglaşmak üçin halkara biznes-meýdançasyna öwrüldi. GDA we Gündogar Ýewropa ýurtlarynda suwuklandyrylan gaz bazarynyň ösüş ugurlary, Gara deňziň terminallarynyň üsti bilen gaz geçirilende logistika ulgamyndaky üýtgeşmeler, täze dörän önümçilik kuwwatlyklary, GDA we Merkezi Aziýa ýurtlaryndan gazy eksport etmek, ulag ulgamyny ösdürmek, söwda tejribesiniň meseleleri, suwuklandyrylan gazyň sebitleýin bazarlardaky nyrh aýratynlyklary maslahatda seredilip geçilen esasy temalardyr.

«Turkmen Petroleum» kompaniýasy maslahata gatnaşyjylara türkmen ykdysadyýetiniň nebitgaz we nebiti gaýtadan işleýiş pudaklarynyň soňky ýeten sepgitlerini, şeýle hem, Türkmenbaşynyň NGIZT bilen halkara hyzmatdaşlygynyň ösüş ugurlaryny hödürlemek bilen, maslahatyň howandary hökmünde çykyş etdi.

Meňzeş täzelikler

2014