Aşgabatda 20-21-nji noýabrda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2018» halkara maslahaty geçiriler

Türkmen paýtagtynda 20-21-nji noýabrda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2018» halkara maslahaty geçiriler. Bu barada ORIENT habarlar agentligi habar berýär. Bu forumy «Cifal Industrial Services» fransuz kompaniýasynyň gatnaşmagynda «Türkmennebit» döwlet konserni gurnaýar.

Garaşylyşy ýaly, forumda öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalarynyň, iri halkara guramalarynyň we maliýe düzümleriniň, şol sanda Exxon Mobil, British Petroleum, Hyundai Engineering, Shell, Total, Haldor Topsoe, Credit Suisse, EBRD, ADB we beýlekileriň ýolbaşçylary hem-de wekilleri çykyş eder.

PETRONAS, Dragon Oil, British Petroleum, Shell, Buried Hill Energy, CNPC, HYUNDAI, TOTAL, SUN Group, LG International, ARETI, Eni, ILF Consulting Engineers we Thales Alenia Space forumyň guramaçylary bolup çykyş eder.

Şeýle hem habar berlişi ýaly, «Media-Turkmen» ORIENT habarlar agentligi «OGT — 2018» forumynyň Baş maglumat hyzmatdaşy boldy.

Meňzeş täzelikler

2014