2040-njy ýylda dünýäde nebite bolan isleg 12 göterim artar – HEA

Halkara energetika agentligi (HEA) geçen ýylky görkezijisi bolan – günde 106,3 mln barrele degişlilikde 2040-njy ýylda dünýäde nebite bolan islegiň 12,1 göterim artmagyna garaşýar. Bu barada HEA-nyň World Energy Outlook her ýylky çaklamasynda bellenilip geçilýär, diýip Ria Nowosti habar berýär.

Şeýlelikde, agentlik geçen ýylky çaklamasy bilen deňeşdirilende öz görkezijisini günde 1,4 mln barrel artdyrdy.

HEA şeýle hem 2025-nji ýyl üçin nebite bolan isleg boýunça çaklamasyny artdyrdy. Agentligiň çaklamasyna görä, şol wagta çenli görkeziji 8 göterim artyp – günde 102,4 mln barrele deň bolar. Bu görkeziji geçen ýylkydan 2,1 mln barrel köpdür.

«2040-njy ýylda islegiň umumy artmasynyň ýarysyna golaýy Hytaý bilen Hindistanyň paýyna düşýär» - diýlip hasabatda bellenilýär. Şol bir wagtda HEA-nyň nygtamagyna görä, Hindistanda nebitiň ulanylyşy geçen ýylky çaklama bilen deňeşdirilende azaldy. Munuň sebäbi bu ýurtda garaşylyşyndan hem köp elektromobilleriň ulanylyşydyr.

Afrika ösüşiň möhüm görkezijisi bolar. Bu ýurtda nebite islegiň ösüş depgini diňe Hindistandan soň ikinji ýerde durýar. «2040-njy ýyla Afrikada nebitiň sarp edilişiniň ilatyň jan başyna düşýän möçberiniň Ýewropanyňkydan 75 göterim aşakda bolmagyna garamazdan, Ýewropa Bileleşiginiň sarp etjek mukdaryndaky nebitini sarp eder. Afrikada nebite bolan islegiň artmagy ýolagçy awtomobil gatnawlarynyň artmagy bilen şertlenendir... Afrikanyň ýollarynda awtomobilleriň sany 2017-nji ýyldan 2040-njy ýyl aralykdaky döwürde iki esseden gowrak artar» - diýip HEA düşündirýär.

HEA-nyň çaklamalaryna görä, uzakmöhletleýin geljekde nebite bolan islegiň esasy bölegi awtomobilleriň ulanylyşynda (21 göterim), ýükleri daşamakda (18 göterim), awiasiýada we deňiz gatnawynda (15 göterim) we nebithimiýada (15 göterim) jemlener. Şol bir wagtda 2040-njy ýylda dünýäniň awtoparkynyň 80 göterim artmagyna garaşylmagy nebite bolan islegiň düýpli artmagyna täsir etmez. HEA muny ýangyjyň ulanylyşynyň netijeliliginiň artmagy (günde 9 mln barrel tygşytlanar), şeýle hem ýangyjyň alternatiw görnüşleriniň ulanylmagy (elektrik togy, bioýangyç we tebigy gazy ýene-de günde 7,5 mln barrel tygşytlar) bilen düşündirýär.

Nebit bazarynda teklip babatda aýdanyňda, ýakyn hem-de uzak möhletleýin geljekde HEA ony takmynan islegiň derejesinde çaklaýar. Şol bir wagtda 2025-nji ýyla çenli teklibiň artmagynyň esasy çeşmeleri bolup OPEC-e girmeýän döwletler çykyş eder. Olaryň ählisi bilelikde şol wagta çenli günde 59,8 million barrel nebit çykaryp, bazaryň 60 göterimi eýelärler. Şol wagtda OPEC döwletlerinde nebitiň çykarylyşy günde 40,1 mln barrele deň bolar (häzirki wagtda bazaryň 43 göterimini eýeleýänliginden 40 göterime ýeter). Emma soňra, HEA-nyň çaklamasyna görä, OPEC-iň bazarda tutýan orny durnuklaşar we artar — 2040-njy ýyla 45 göterime ýeter.

Meňzeş täzelikler

2014