Türkmenistanyň Prezidenti ÝET ulgamynda ileri tutulýan meseleleri kesgitledi

Duşenbe güni Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, Aşgabat şäheriniň häkiminiň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny, şol sanda nebitgaz toplumyny has-da ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleri girizildi.

Hususan-da, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow nebitgaz toplumynyň düzümlerinde işleriň ýagdaýy, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň tassyklanan tertibe laýyklykda alnyp barylýan gurluşygynyň barşy barada hasabat berdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow sebitiň ýurtlarynyň ykdysady ösüşi, durmuş hem-de ynsanperwer häsiýetli meseleleri çözmek, parahatçylygy we durnuklylygy berkitmek babatda möhüm ähmiýeti bolan TOPH taslamasyny amala aşyrmagyň okgunly depginini kanagatlanma bilen belledi. Döwlet Baştutany wise-premýere nebitgaz pudagyny has-da ösdürmek, onuň düzümini döwrebaplaşdyrmak, iri maýa goýum taslamalarynyň, şol sanda energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň täze ugurlaryny döretmek hem-de gazy gaýtadan işleýän döwrebap toplumlary gurmak boýunça taslamalaryň öz wagtynda ýerine ýetirilmegine yzygiderli gözegçilik etmek bilen bagly anyk tabşyryklary berdi.

Soňra «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy D.Hajyýew nebitiň çykarylýan mukdaryny artdyrmak, şol sanda ýurdumyzyň geljegi uly täze känlerini senagat taýdan özleşdirmegiň, bu babatda döwrebap tehnologiýalary peýdalanmagyň hasabyna ýokarlandyrmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow pudagyň çig mal binýadyny pugtalandyrmagyň ýangyç-energetika toplumynyň öňünde durýan ileri tutulýan wezipeleriň hataryna girýändigini belledi. Döwlet Baştutany nebitgaz çykarýan kärhanalaryň işini düýpli seljermegi hem-de şolaryň önümçilik ykdysady görkezijilerini artdyrmak üçin bar bolan ätiýaçlyklary netijeli peýdalanmak barada döwlet konserniniň ýolbaşçysyna birnäçe görkezmeleri berdi.

 

Meňzeş täzelikler

2014