Türkmenistan Ýewrokomissiýa bilen türkmen gazyny Ýewropa bazarlaryna ibermek mümkinçiliklerini maslahatlaşýar – Prezidentiň geňeşçisi

Türkmenistan Ýewropa bazarlaryna tebigy gaz ibermek mümkinçiliklerini öwrenýär we bu babatda Ýewrokomissiýa bilen gepleşikleri geçirýär. Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ýagşygeldi Kakaýew Abu-Dabide geçirilýän ADIPEC Halkara nebitgaz maslahatynda belledi, diýip ORIENT habarlar agentligi habar berýär.

— Biz Ýewropa tarap eksport ugruny öwrenýäris, bu mesele boýunça Ýewrokomissiýa we üstaşyr geçiriji beýleki döwletler bilen işjeň gepleşikleri geçirýäris. Biz bir ýerde durmaýarys – diýip Ý.Kakaýew belledi.

Ýatlap geçsek, Türkmenistanyň wekiliýeti BAE-niň paýtagty Abu-Dabide 12-15-nji noýabrda geçirilýän ADIPEC-2018 Halkara nebitgaz sergisine we maslahatyna gatnaşýar.

Aşgabadyň durmuşa geçirýän energetika strategiýasy tebigy gazyň eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmaklygy gör öňünde tutýar. Häzirki wagtda Türkmenistan Türkmenistan – Özbegistan – Gazagystan – Hytaý gaz geçirijisiniň üsti bilen HHR-e gaz eksport edýär. 2020-nji ýyla ýyllyk kuwwaty 33 mlrd kub metr gaza barabar bolan Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny tamamlamak göz öňünde tutulýar. «Türkmengaz» DK  2019-njy ýylyň ýanwaryndan başlap gazyň eksportyny dikeltmek boýunça «Gazprom» bilen gepleşikleri geçirýär.

Türkmenistan şeýle hem Hazar üsti gaz geçirijisiniň gurluşygy we türkmen gazyny «Günorta gaz geçelgesi» arkaly Ýewropa ýurtlaryna ibermek boýunça Azerbaýjan, Türkiýe, Gruziýa we ÝB bilen gepleşikleri geçirýär.

2018-nji ýylyň oktýabrynda Brýusselde Ýewrokomissiýanyň Energetika bileleşik boýunça başlygynyň orunbasary Maroş Şefçowiç hem-de Ýewrokomissiýanyň energetika boýunça baş direktorlygynyň wekilleri bilen Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurluşygy boýunça gepleşikleri geçirdi. ÝB tarapyndan türkmen gazyny Ýewropa bazarlaryna ibermeklige uly gyzyklanma bildirildi we Hazarüsti gaz geçirijisini durmuşa geçirmeklige maýalary çekmeklige ýardam bermekde taýýarlyk mälim edildi.

Hazar deňziniň hukuk ýagdaýy hakynda ýakynda kabul edilen Konwensiýa deňiz boýunça gaz geçirijini geçirmek üçin zerur bolan hukuk binýadyny döretdi. Indi munuň üçin diňe taslama gatnaşyjy döwletleriň razylygy we halkara ekologiýa barlagy zerurdyr.

 

Meňzeş täzelikler

2014