Nebit gymmatlaýar: «Brent» - $71,27, «WTI» - $60,77

2018-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Moskwa wagty bilen 8:49-da «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 1,55 göterim ýokarlanyp, 71,27 amerikan dollaryna deň boldy. «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 0,96 göterim gymmatlap, 60,77 amerikan dollaryna barabar boldy.

11-nji noýabrda Abu-Dabide monitoring boýunça OPEC+ ministrler komitetiniň mejlisi geçirildi. Bu geňeş ylalaşyklaryň berjaý edilişine gözegçilik etmek we ony düzetmek boýunça teklipleri işläp düzmek üçin döredilipdi. Mejlisiň netijeleri boýunça geňeş 2019-njy ýylda dünýäde nebitiň teklibiniň artmagynyň alamatlarynyň bardygyny beýan etdi.

Geňeşiň indiki mejlisi 5-nji dekabrda Wenada geçiriler, diýip Ria Nowosti habar berýär.

OPEC we gurama girmeýän döwletler 2016-njy ýylyň ahyrynda Wenada nebitiň çykarylyşyny şol ýylyň oktýabrdakysyndan jemi günde 1,8 mln barrel, şol sanda 300 müň barrel Russiýa çäklendirmegi ylalaşdylar. 2017-nji ýylyň noýabrynda OPEC+ ýurtlary ylalaşygy 2018-nji ýylyň ahyrynda çenli uzaltmagy ylalaşdylar. 2018-nji ýylyň iýun aýynda OPEC+ şol wagt 47 göterime deň bolan ylalaşygyň wezipelerini berjaý etmek şertlerinden el çekmegi ylalaşdy.

 

Meňzeş täzelikler

2014