Hazarüsti gaz geçirijisiniň durmuşa geçirilmegi «GGG» boýunça Ýewropa iberilýän gazyň möçberini artdyrar — Modern Diplomacy

Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurulmagy «Günorta gaz geçelgesi» (GGG) boýunça Ýewropa tebigy gazyň has köp mukdaryny ibermäge mümkinçilik berer. Bu barada Modern Diplomacy analitik neşirindäki makalada aýdylýar.

Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasynyň Kawkazy öwreniş institutynyň öňdebaryjy hünärmeni Aliýar Azimow «German-russiýa energetika gatnaşyklary we Günorta Kawkaz» atly makalasynda Ýewropa Bileleşiginiň energetika serişdeleriniň çeşmelerini diwersifikasiýalaşdyrmagynda «Günorta gaz geçelgesi» taslamasynyň aýratyn ähmiýete eýedigini belleýär.

«Azerbaýjan Transadriatik turbageçirijisiniň (TAP, GGG-niň bir bölegi) üsti bilen günorta Ýewropa gaz iberer we ÝB-niň iň esasy sebitlerine ibermeleriniň artdyrmagy meýilleşdirýär. Bu ýerde esasy aýratynlyk şunda jemlenýär, eger-de Hazarüsti turbageçirijisiniň taslamasy (Türkmenistandan Azerbaýjanyň üsti bilen Ýewropa gaz ibermegi göz öňünde tutýar) durmuşa geçirilse, «Günorta gaz geçelgesi» Ýewropa energiýa serişdelerini has köp mukdarda iberip biler» - diýip A.Azimow ýazýar.

Şol bir wagtda awtoryň nygtaýşy ýaly, eger-de «GGG» ýylda 16 mlrd kub metr gaz iberse (6 mlrd Türkiýe üçin, 10 mlrd Ýewropa üçin), Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurulmagy bu sanlary has hem artdyrmaga mümkinçilik berer.

Awtoryň pikirine görä, ÝB we Germaniýa «GGG-ni» goldaýar, çünki bu ugur Hazar deňzinden Ýewropa bazarlaryna gaz ibermek üçin iň amatly ugurdyr. Şol bir wagtda bilermeniň belleýşi ýaly, eger-de Hazarüsti gaz geçirijisiniň taslamasy amala aşyrylsa, onda Eýrandan, Yrakdan we Türkmenistandan Azerbaýjanyň üsti bilen Ýewropa gaz ibermek mümkin bolar.

Muňa garamazdan, bilermeniň soňky netijeleri ABŞ-nyň Eýran babatda çäklendirmeleriniň eýran gazynyň Ýewropa barmasyny kesýändigini nazara almaýan bolsa gerek. Yrak gazyny ibermeklige bolsa, Ýakyn Gündogardaky harby-syýasy durnuksyzlyk päsgelçilik berýär.

Diýmek, «GGG» boýunça Ýewropa iberilýän gazyň möçberini artdyrmak üçin hut Türkmenistanyň tebigy gazy amatlydyr. Galyberse-de, halkara bilermenleri tarapyndan tassyklanan onuň ägirt uly ätiýaçlyk gorlary birnäçe ugurlar boýunça kepillendirilen we uzakmöhletleýin eksporty ýola goýmaga mümkinçilik berýär.

 

Meňzeş täzelikler

2014