Türkmenistanda nebitgazhimiýa pudagy işjeň ösdürilýär

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň gatnaşmagynda geçirilen göni aragatnaşyk arkaly iş maslahatynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow çig maly eksport etmekden başga-da gutarnykly tapgyrly senagat önümçiligini diwersifikasiýalaşdyrmagyň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany energiýa serişdelerini gaýtadan işleýän pudaklarda işleriň ýagdaýy bilen gyzyklandy. Wideoşekilli maslahatyň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow hasabat bilen çykyş etdi.

M.Meredow nebitgazhimiýa önümleriniň görnüşleriniň we möçberiniň artdyrylýandygy barada hasabat berdi. Muňa bar bolan kärhanalaryň, döwrebaplaşdyrylan we täze, taslama kuwwatlygyna çykan kärhanalaryň durnukly işlemegi ýardam edýär, şolar ýurdumyzyň iri senagat merkezleriniň sanawynyň üstüni ýetirdi.

Diňe bir içerki bazarda däl-de, daşarky bazarlarda hem uly islege eýe bolan nebithimiýa önümleriniň hatarynda karbamidi, polietileni, polipropileni, polipropilen plýonkasyny, halkara ölçegleriň talaplaryna kybap gelýän ekologiýa taýdan arassa awtomobil ýangyjy — benzini, dizel ýangyjyny, çalgy ýaglaryny görkezmek bolar. Onuň netijesinde nebitgazhimiýa önümlerini eksport etmegiň möçberleri artdyryldy, munuň özi Döwlet býujetine gelip gowuşýan walýuta serişdeleriniň artmagyny üpjün etdi.

Mundan başga-da, häzirki wagtda dünýäde ýeke-täk bolan tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa sintetiki benziniň önümçiligi boýunça zawody ulanmaga bermäge taýýarlyk görülýär.

Täze häzirki zaman innowasiýa toplumlarynyň — Gyýanlydaky gazhimiýa toplumynyň 2-nji nobatdakysyny hem-de sintetiki benziniň önümçiligi boýunça Owadandepedäki zawodyň 2-nji nobatdakysyny gurmak meýilleşdirildi, bu desgalaryň gurluşygyna Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň uly möçberli maýa goýum serişdeleri gönükdiriler.

Pudagyň döwrebap kärhanalarynda işlemek üçin ýokary derejeli işgärleri taýýarlamak möhüm wezipeleriň hatarynda bellenildi.

Meňzeş täzelikler

2014