Brýusselde geçirilen gepleşiklerde ÝB Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurluşygyna uly gyzyklanma bildirdi

Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasy Türkmenistanyň wekiliýetiniň Brýusselde Energetika birleşigi boýunça Ýewropa Komissiýasynyň başlygynyň orunbasary Maroş Şewçowiç hem-de Ýewropa Komissiýasynyň energetika boýunça Baş müdiriýetiniň wekilleri we beýlekiler bilen geçiren iş duşuşygynyň ileri tutulýan meselesi boldy. Gepleşikleriň netijeleri barada wideoşekilli maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi.

Duşuşyklaryň barşynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak, Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny amala aşyrmak meselelerinde hyzmatdaşlygyň ugurlary ara alyp maslahatlaşyldy. Hazar ösüş korporasiýasynyň iş ýörelgelerini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, bu energetika taslamasyny amala aşyrmak boýunça iş toparynyň gepleşiklerini, şol sanda ykdysady, ekologiýa we täjirçilik ugurly meseleleri dowam etdirmek çäreleri ara alyp maslahatlaşyldy.

Wise-premýeriň belleýşi ýaly, Ýewropa Bileleşigi tarapyndan Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurluşygyna hem-de türkmen tebigy gazynyň Ýewropa bazaryna iberilmegine uly gyzyklanma bildirildi. Ýewropa Bileleşigi tarapyndan gepleşiklere gatnaşyjylar bu yklymyň energetika howpsuzlygynyň pugtalandyrylmagyna ýardam etjek möhüm energetika taslamasynyň durmuşa geçirilmegine maýa goýumlarynyň çekilmegine ýardam bermäge taýýardyklaryny beýan etdiler.

Hazar deňziniň hukuk konwensiýasynyň kabul edilmegi netijesinde Hazar deňziniň üsti bilen gaz geçirijisini çekmek boýunça zerur hukuk binýady döredildi. Indi durmuş tarapyndan zerurdygy äşgär bolan bu taslamany amala aşyrmak üçin diňe taslama gatnaşyjy taraplaryň razylygy hem-de halkara ölçeglere doly kybap gelýän ekologiýa seljermesi zerurdyr.

Hazarüsti gaz geçirijisiniň taslamasynda 30 ýyldan az bolmadyk möhletiň dowamynda Hazar deňziniň türkmen kenaryna çenli gazy eltmek şerti bilen her ýylda Ýewropa bazaryna türkmen energiýa serişdeleriniň 30 milliard kub metrini ibermek göz öňünde tutulýar.

Şu ugur boýunça hem, beýleki ugurlar boýunça hem iri energetika taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin türkmen döwletiniň doly mümkinçilikleri bardyr. Munuň üçin ýurdumyzyň çäklerinde içerki “Gündogar — Günbatar” gaz geçirijisini nazara almak bilen zerur ähli düzümler döredildi, bu gaz geçirijiniň üsti bilen Gündogar Türkmenistandan ýurdumyzyň günbatar sebitlerine hem-de yzyna gaz ibermek göz öňünde tutulýar.

Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň energetika strategiýasynyň ozaly bilen ýurdumyzyň ägirt uly uglewodorod serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagyna hem-de ýangyç-energetika toplumynda milli we ählumumy bähbitlere laýyk gelýän özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gönükdirilendigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de türkmen energiýa serişdelerini Ýewropa bazaryna çykarmak boýunça işleriň depginini ýokarlandyrmagy tabşyrdy. Wise-premýere nebitgaz toplumyny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň maksatnamasyny yzygiderli durmuşa geçirmek, nebitiň we gazyň çykarylýan möçberini hem-de şolary gaýtadan işlemekden alynýan önümleriň mukdaryny artdyrmak, geljegi uly uglewodorod ýataklaryny özleşdirmek we nebit hem-de gaz çykarmakda innowasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça anyk görkezmeler berildi.

Döwlet Baştutany TOPH gaz geçirijisiniň hem-de beýleki halkara gaz geçirijileriň gurluşygyna aýratyn üns berilmegini, Hazar deňziniň ýalpaklygyny özleşdirmegi, hususan-da, onuň türkmen böleginde nebiti we gazy çykarmak işlerini çaltlandyrmagy tabşyrdy.

 

Meňzeş täzelikler

2014